Täzelikler
"Türkmenhowaýollary" agentligi Ýewropa Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkezi bilen bilelikdäki okuw çäreleri geçirildi
«Türkmenhowaýollary» agentligi Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky Merkezi (ÝHHG) bilen bilelikdäki okuw çäreleriniň çäginde halkara nazaryýet okuw maslahaty geçirdi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň raýat awiasiýa pudagy üçin halkara derejesindäki hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn ähmiýet berlip, bu ugurda adam maýasyny emele getirmekdäki döwlet goldawy howa ulaglary pudagyny mundan beýläk-de ösdürmäge uly itergi berýär. Häzirki wagtda, «Türkmenhowaýollary» agentliginiň işgärleriniň hünär derejelerini halkara derejelerine ýetirmek bilen bagly, halkara guramalary hem-de iri daşary ýurt awiakompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.ÇEŞME:агентство "туркменховаеллары"
04.12.2024 11:28
Milli awiasiýa pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar
29-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň çäklerinde milli awiasiýa pudagynda awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň halkara şertnamalaryna, Türkmenistanyň Howa kodeksine we Halkara raýat awiasiýasy guramasy tarapyndan kabul edilen halkara standartlara laýyklykda, “Türkmenistanyň Raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasynyň” taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.ÇEŞME:агентство "туркменховаеллары"
03.12.2024 11:34
Türkmenistanyň banklary tarapyndan audit barlaglary boýunça halkara bäsleşikler yglan ediler
29-njy noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradow ýurduň banklarynyň ýyllyk maliýe hasabatlaryna audit işlerini geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bu işleriň “Karz edaralary we bank işi hakynda” we “Auditorçylyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyşy we auditi özgertmegiň maksatnamasy hakynda” Kararyna laýyklykda alnyp barylýandygy aýdyldy. Bellenilişi ýaly, munuň özi banklarda maliýe hasabatlarynyň takyklygyny seljermäge, bank işiniň ugurlaryna we maliýe töwekgelçiliklerine baha bermäge mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.çeşme:''Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi"
02.12.2024 14:27
“Türkmenistanyň Raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy” işlenip taýýarlandy
Hökümetiň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň çäklerinde milli awiasiýa pudagynda awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurduň halkara şertnamalaryna, Türkmenistanyň Howa kodeksine we Halkara raýat awiasiýasy guramasy tarapyndan kabul edilen halkara standartlara laýyklykda, “Türkmenistanyň Raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasynyň” taslamasy işlenip taýýarlanyldy. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, agentligiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.çeşme:''Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi"
02.12.2024 14:24
Halkara awtomobil ulaglary bileleşiginiň baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi
26-njy noýabrda Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen iş sapary bilen gelen Halkara awtomobil ulaglary bileleşiginiň (IRU) baş sekretary Umberto de Prettonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar şu gün Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli öz işine başlan «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» (ITTC-2024) atly iki günlük halkara maslahatyň we serginiň ähmiýetini bellediler.ÇEŞME:агентство "туркменховаеллары"
28.11.2024 14:35
«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy geçirilýär
Düýn Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy öz işine başlady. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň oktýabrynda gol çeken degişli Kararyna laýyklykda geçirilýän bu çäräniň maksady ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda öňdebaryjy innowasion çözgütleri durmuşa geçirmegiň we milli innowasiýa ulgamyny ösdürmegiň aýratynlyklarynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga, Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek barada gazanylan ylalaşygy ýerine ýetirmäge gönükdirilendir.ÇEŞME:агентство "туркменховаеллары"
28.11.2024 14:32
«Türkmenpoçtanyň» çaparçylyk hyzmaty: oňaýly we tiz eltip bermek
Durmuşyň häzirki akymy amatly we tiz amala aşyrylýan çözgütleri talap edýär. Bu meselede «Türkmenpoçta» kompaniýasy «gapydan-gapa» çaparçylyk hyzmatyny hödürleýär. Poçta gullugynyň hünärmenleri müşderilere poçta bölümlerine baryp gymmatly wagtlaryny ýitirmezlikleri üçin giň mümkinçilik döredýän iň amatly hyzmaty döretdiler. Indi çaparyň müşderä amatly bolan wagtda görkezilen ýere gelmegi üçin mobil goşundydan bir gezek jaň etmek ýa-da birnäçe düwmä basmak ýeterlikdir.çeşme:''Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi"
27.11.2024 16:08
“Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş - 2024” atly halkara maslahaty we sergisi geçirilýär
Şu gün “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş - 2024” atly halkara maslahaty we sergisi öz işine başlady. Söwda-senagat edarasynda geçirilýän halkara foruma dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan 600-e golaý wekil gatnaşýar. Olaryň hatarynda ugurdaş döwlet we hususy düzümleriň, Halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, ÝHHG-niň, Bütindünýä bankynyň we Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.ÇEŞME:агентство "туркменховаеллары"
27.11.2024 15:14
«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara
Hormatly foruma gatnaşyjylar! Sizi «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.çeşme:''Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi"
26.11.2024 13:11
«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna «Damen Shipyards» kompaniýasynyň wekilleri baryp gördi
Gollandiýanyň «Damen Shipyards» kompaniýasynyň jenap Kommer Dameniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti gämi gurluşyk pudagynda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini öwrenmek maksady bilen, şu ýylyň 19-njy noýabrynda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna baryp gördi. Zawodyň edara binasynda Türkmenistanyň «Türkmendeňizderýaýollary» deňiz we derýa ulag gullugynyň, «Balkan» gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawodynyň we «Damen» gämi abatlaýyş kompaniýasynyň wekilleriniň iş duşuşygy bolup geçdi. Taraplar derýada gum sorujy desganyň önümçiligine ünsi çekmek bilen, hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.ÇEŞME:агентство "туркменховаеллары"
25.11.2024 12:34
Türkmenistan Russiýa Federasiýasynda geçirilen halkara ulag forumyna gatnaşdy
Türkmenistan Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen «Russiýanyň Ulagy» atly halkara ulag sergisi we forumyna gatnaşdy. Türkmenistany forumda Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň wekiliýetiniň agzasy wekilçilik etdi. Forumyň çäklerinde 300-den gowrak hünärmenleriň gatnaşmagynda 30-dan gowrak işewürlik formaty gurnaldy. 19-21-nji noýabr aralygynda geçen forumyň baş mowzugy netijeli ulag ulgamynyň ösüşi boldy. GDA-nyň we Mongoliýanyň wekilleri halkara hyzmatdaşlygy, sanly ulgamy we pilotsyz tehnologiýalary ornaşdyrmagy hem-de serhetara infrastrukturasynyň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar.ÇEŞME:агентство "туркменховаеллары"
25.11.2024 12:31
“Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024” atly halkara maslahata hem-de sergä uly taýýarlyk görülýär
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Düýn geçirilen mejlisde döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy. Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, 26-27-nji noýabrda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024” atly halkara maslahaty hem-de sergini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.ÇEŞME:агентство "туркменховаеллары"
25.11.2024 10:06
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş-2024» atly (ITTC-2024) atly III halkara foruma taýýarlyk dowam edýär
26-27-nji noýabrda Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli Aşgabatda geçiriljek «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş-2024» atly (ITTC-2024) atly III halkara maslahatyň we serginiň meýilnamasy ýaşyl tehnologiýalaryň integrasiýasy, sanlylyga geçiş, multimodal ulag ösüşi we ekologiýa taýdan arassa logistika, halkara ulag we üstaşyr geçelgeler arkaly özara baglanyşygy ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly iň möhüm mowzuklaryň toplumyny öz içine alýar.ÇEŞME:агентство "туркменховаеллары"
22.11.2024 16:36
Türkmenistanda ýaşlaryň robot tehnologiýalary boýunça bäsleşigi geçiriler
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň habaryna görä, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde 2024-nji ýylyň 7-8-nji dekabrynda Ýaşlaryň robot tehnologiýalary boýunça bäsleşiginiň geçiriljekdigini yglan edildi.çeşme:''Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi"
20.11.2024 10:48
M.Çakyýew Eýranyň aragatnaşyk ministriniň orunbasary bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew bilen Aşgabada sapar bilen gelen Eýranyň aragatnaşyk ministriniň orunbasary, «Infrastructure Communications» kompaniýasynyň direktory Behzad Akbariniň arasynda duşuşyk geçirildi. Oňa «Türkmenaragatnaşyk» Agentliginiň başlygy H.Hudaýgulyýew hem gatnaşdy. Eýranyň habar beriş serişdeleriniň ýazmagyna görä, duşuşykda Eýranda sanly infrastrukturany ösdürmekde gazanylan öňegidişlikler, özara gatnaşyklar üçin mümkinçilikler, şol sanda Türkmenistanyň we Eýranyň çäginden ulag gatnawyny giňeltmek barada pikir alşyldy.çeşme:''Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi"
19.11.2024 14:47
«Sanly çözgüt – 2024» atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan edildi
16-njy noýabrda paýtagtymyzda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel-2024» atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahaty tamamlandy. Bu forum ýurdumyzyň hünärmenleri bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň tejribe alyşmagynda, gatnaşyklary ösdürmekde, özara bähbitli taslamalary ara alyp maslahatlaşmakda we olary durmuşa geçirmegiň ýollaryny kesgitlemekde uly ähmiýete eýe boldy. çeşme:''Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi"
17.11.2024 15:59
Türkmenistan sanly tehnologiýalary ösdürmeklige uly ähmiýet berýär
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýew «Turkmentel-2024» forumynyň 17-nji Halkara maslahatynyň umumy mejlisinde çykyş edip, ýurduň ösüşi üçin sanlylaşdyrmanyň we kiberhowpsuzlygyň ähmiýetini nygtady. Öz çykyşynda ol sanly tehnologiýalaryň bilimden başlap, saglygy goraýyş ulgamyna çenli durmuşyň ähli ugurlaryny özgerdýändigini we akylly şäherleriň hem-de netijeli senagatyň döredilmegi üçin esas bolup durýandygyny belledi.çeşme:''Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi"
17.11.2024 10:56
«Huawei» kompaniýasy Türkmenistanda 5G aragatnaşygyny ýola goýmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär
Aşgabatda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2024» atly XVII halkara sergisi dowam edýär. Sergide «Huawei» kompaniýasy hem öz alyp barýan işleridir önümleri bilen tanyşdyrýar. Kompaniýanyň Türkmenistandaky wekili Siao Lun milli aragatnaşyk ulgamynyň mümkinçilikleri we geljegi uly ugurlary barada şeýle gürrüň berýär: — 1987-nji ýylda döredilen kompaniýamyzyň 100-den gowrak ýurtda şahamçasy bar. «Huawei» Türkmenistanda eýýäm 20 ýyldan gowrak wagt bäri işläp gelýär. Ilkinji aragatnaşyk stansiýalarymyzy 2003-nji ýylda gurduk. Şu geçen ýyllaryň dowamynda ygtybarly hyzmatdaşlygyň baý tejribesi toplandy. Ýurtda aragatnaşygyň geljegine ýokary baha berýäris. Maksatnamalaýyn esasda meýilleşdirilýän bilelikdäki taslamalar hem şeýle diýmäge doly esas berýär.çeşme:''Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi"
17.11.2024 09:54
“Türkmentel — 2024” halkara foruma dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan wekiller gatnaşýar
Düýn paýtagtymyzda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel — 2024” atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahat öz işine başlady. Her ýyl geçirilýän bu halkara forum ýurdumyzda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary boýunça iri çäreleriň biri bolmak bilen, ýokary tehnologiýalar, innowasiýalar, telekommunikasiýa ulgamlarynda ýetilen sepgitleri tanyşdyrmaga, tejribe alyşmaga mümkinçilik döredýär..ÇEŞME:агентство "туркменховаеллары"
15.11.2024 15:25
«Türkmentel – 2024» atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahaty öz işine başlady
Aşgabatda şu gün telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel – 2024» atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahaty öz işine başlady. Her ýyl geçirilýän «Türkmentel – 2024» halkara sergisi we ylmy maslahaty ýurdumyzda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalar ulgamyndaky iri çäreleriň biri bolmak bilen, ýokary tehnologiýalar, innowasiýalar we telekommunikasiýa ulgamlarynda ýetilen sepgitleri tanyşdyrmaga, tejribe alyşmaga mümkinçilik döredýär..ÇEŞME:агентство "туркменховаеллары"
15.11.2024 15:21