Täzelikler
Iri halkara forumyna taýýarlyk işleri batly depginde alnyp barylýar
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýylda, hormatly Prezidentimiziň — Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan giň gerimli özgertmeleriň ýolunda ynamly öňe barýar. Bu ösüşleriň merkezinde halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, halklaryň arasyndaky dost-doganlygy berkitmek we dünýä ähmiýetli başlangyçlary öňe sürmek ýaly beýik maksatlar durýar.ÇEŞME:“Türkmenhowaýollary” agentligi
10.07.2025 15:33
Awazada awgust aýynda dürli sergiler guralar
Awazada BMG-niň halkara maslahatynyň geçiriljek ýerindäki toplumyň binalarynyň ýörite gurlan dälizler arkaly birikdirilmegi, olaryň ugrunda türkmen halkynyň bagtyýar durmuşyna, çärelere gatnaşýan ýurtlaryň hem-de Türkmenistanyň ýeten derejesine degişli maglumatlardan ybarat sergileriň guralmagy halkara forumyň ähmiýetini artdyrar we onuň köpugurly häsiýete eýe bolmagyny şertlendirer. Bu barada 8-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Awazada foruma taýýarlygyň derejesi, amala aşyrylýan taslamalar bilen tanyşmagynyň barşynda aýdyldy.ÇEŞME:“Türkmenhowaýollary” agentligi
09.07.2025 11:35
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň döredijilik we tehniki topary neşiriň iýun aýyndaky sanyny okyjylara hödürlediler.Çagalary goramagyň halkara güni bilen başlanýan aýa bagyşlanan hut şu şanly senä bagyşlanan «Çagalaryň sesi – dünýäniň şatlygy» atly makala bilen açylypdyr. «Juwan köňülleriň ylham joşguny» atly çykyş geçen aýda geçirilen «Talyp joşguny – 2025» atly döredijilik festiwalyna bagyşlanypdyr.ÇEŞME:“Türkmenhowaýollary” agentligi
07.07.2025 11:15
Türkmenistan Aziýanyň ösüş bankynyň sebitleýin taslamasyna goşular
3-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradow hasabatynda Aziýanyň ösüş bankynyň «Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk» maksatnamasynyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin söwda ugry babatynda goşulyşmak maksatnamasynyň ikinji tapgyryny durmuşa geçirmek boýunça sebitleýin taslamasyna Türkmenistanyň goşulmagy hakyndaky teklibi barada-da aýtdy.ÇEŞME:“Türkmenhowaýollary” agentligi
07.07.2025 09:28
«Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Estoniýanyň degişli akademiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk ýola goýlar
Hökümetiň 4-nji iýulda geçirilen nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurtda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.ÇEŞME:“Türkmenhowaýollary” agentligi
06.07.2025 11:24
Türkmenistanyň Prezidenti "BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda" Karara gol çekdi
Şu ýylyň 4 – 8-nji awgusty aralygynda Türkmenistanyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty geçiriler. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 4-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde degişli Karara gol çekdi.ÇEŞME:“Türkmenhowaýollary” agentligi
05.07.2025 09:21
“Türkmenaragatnaşyk” agentligi “Sanly çözgüt-2025” bäsleşigine arzalary kabul edip başlady
“Türkmenaragatnaşyk” agentligi Türkmenistanda sanly tehnologiýalary ösdürmäge gönükdirilen “Sanly çözgüt-2025” innowasion taslamalar bäsleşigini açyk diýip yglan edýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin hasaba alnyşyk şu gün, ýagny 1-nji iýulda “Türkmentelekom” EAK-nyň telecom.tm saýtynda açyldy.çeşme:''Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi"
02.07.2025 15:17
Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň binýadynda Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň okuwlary ýola goýular
Hökümet mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurdumyzyň raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.ÇEŞME:“Türkmenhowaýollary” agentligi
30.06.2025 10:10
Türkmen zyýaratçylary Watanymyza dolanyp geldiler
24-nji iýunda yslam dünýäsiniň mukaddes ýerleri hasaplanýan Mekge we Medine şäherlerine haj parzyny berjaý etmek üçin giden ildeşlerimiz Watanymyza dolanyp geldiler. Saud Arabystany Patyşalygyna zyýaraty amala aşyran toparyň agzalary haj parzyny ýerine ýetirmek babatda döwlet tarapyndan alada edilýändigi üçin hajy Arkadagymyza we Arkadagly hajy Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler.ÇEŞME:“Türkmenhowaýollary” agentligi
27.06.2025 09:56
Eýrandan gelýän ýolagçylar üçin bökdençsiz uçuşlary amala aşyrýarEýrandan gelýän ýolagçylar üçin bökdençsiz uçuşlary amala aşyrýar
Soňky bir hepdäniň dowamynda Türkmenistanyň serhedindäki barlag-goýberiş nokatlaryndan bir ýarym müňden gowrak daşary ýurt raýaty geçdi. «Türkmenawtoulaglary» agentligi bilen hyzmatdaşlykda «Türkmenhowaýollary» agentligi daşary ýurt raýatlaryna ähli zerur bolan hyzmatlary hödürleýär. Olar göni awtobus ugurlary arkaly Türkmenistanyň merkezi howa duralgasy bolan Aşgabat Halkara howa menziline ugradylýar. Olaryň arasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Pakistanyň, Hindistanyň, Kataryň, Bangladeşiň, BAE-niň, Indoneziýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň, Omanyň, Saud Arabystany Patyşalygynyň, Bahreýniň, Kuweýtiň, Koreýanyň, Germaniýanyň, Beýik Britaniýanyň we beýleki ýurtlaryň raýatlary, şeýle hem haj zyýaratyndan soň Eýrana gaýdyp gelýän eýran raýatlary bar.ÇEŞME:“Türkmenhowaýollary” agentligi
22.06.2025 10:05
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
Türkmenistanyň Howa kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň raýat awiasiýasynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri meýilleşdirmek we amala aşyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenistanyň raýat awiasiýasynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy” tassyklanyldy.ÇEŞME:“Türkmenhowaýollary” agentligi
21.06.2025 10:02
«Türkmenhowaýollary» agentligi halkara ynsanperwer howa gatnawlaryny utgaşdyrýar
Türkmenistan halkara kömek bermek ýörelgelerine hem-de hemişelik oňyn Bitaraplyk syýasatyna ygrarly bolmak bilen, soňky günlerde Ýakyn Gündogarda emele gelen ýagdaý bilen baglylykda, uçuş ugurlaryny üýtgetmäge mejbur bolan daşary ýurt awiakompaniýalary üçin öz howa giňişliginden päsgelçiliksiz peýdalanmagy gyssagly we netijeli üpjün edýär.ÇEŞME:“Türkmenhowaýollary” agentligi
19.06.2025 12:16
Türkmenabatda «Onlaýn taksi» hyzmaty gije-gündizleýin işläp başlady
«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň habar bermegine görä, Türkmenabatda şäher taksisiniň döwrebap hyzmaty – «Onlaýn taksi» işe girizildi. Taksini sargyt etmek üçin 0655 gysga belgä jaň etmek ýeterlik. Hyzmat gije-gündiz elýeterlidir.çeşme:''Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi"
16.06.2025 09:31
Päkistan Türkmenistanyň üsti bilen Russiýa ilkinji ýük demirýol ugruny açýar
Päkistan Russiýa ilkinji ýük demirýol ugruny 22-nji iýunda açar, diýlip sişenbe güni metbugat maslahatynda ýurduň demirýol ministri Muhammad Hanif Abbasi tarapyndan habar berildi. Otly Lahordan ugrar.çeşme:''Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi"
13.06.2025 09:43
Türkmenistan BMG-niň Syýahatçylyk guramasy bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
Şu ýylyň 4-6-njy iýuny aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde BMG-niň Syýahatçylyk guramasynyň Ýewropa sebiti üçin Komissiýasynyň 71-nji mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky Ilçisi, Türkmenistanyň BMG-niň Syýahatçylyk guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili B.Rejepowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy.ÇEŞME:“Türkmenhowaýollary” agentligi
12.06.2025 09:58
Şu ýylyň 5 aýy boýunça “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 120,5 göterime deň boldy
Hökümet mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe bu toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 115,3 göterime deň boldy.ÇEŞME:“Türkmenhowaýollary” agentligi
10.06.2025 09:21
Türkmenistan üstaşyr ulag geçelgelerini döwrebaplaşdyrmak üçin raýat awiasiýasyny döwrebaplaşdyrýar
23-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew milli raýat awiasiýasy pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.ÇEŞME:“Türkmenhowaýollary” agentligi
30.05.2025 14:59
Gruziýa Türkmenistan bilen göni uçar gatnawlaryny açmaga taýýardyr – ilçi Sabiaşwili
Gruziýa Türkmenistan bilen syýahatçylyk ugry boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyr, şol sanda göni uçar gatnawlaryny ýola goýmaga taýyndyr. Bu barada Gruziýanyň Türkmenistandaky ilçisi Konstantin Sabiaşwili Aşgabatda Gruziýanyň garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanan çäräniň dowamynda beýan etdi.çeşme:''Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi"
29.05.2025 15:03
Täze açylan Balkanabat Halkara howa menzili içerki uçuşlary kabul edip başlady
19-njy maýdan başlap, «Türkmenistan» awiakompaniýasy» AGPJ-i tarapyndan Balkanabatdaky täze howa menziline yzygiderli gatnawlar ýola goýuldy. Awiakompaniýa şu seneden ýurduň ähli sebitlerinde ilata degişli gatnaw hyzmatlaryny ýerine ýetirip başlady.çeşme:''Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi"
20.05.2025 11:01
Türkmen hünärmenleri “Afrikada, Ýakyn Gündogarda we Aziýada raýat awiasiýasynyň howpsuzlygy (CASE II)” taslamasynyň çäklerinde gurnalýan okuwlara gatnaşdylar
«Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde 2025-nji ýylyň 5-9-nji maý aralygynda Raýat awiasiýasynyň Ýewropa konferensiýasy tarapyndan (ECAC) raýat awiasiýasynyň howpsuzlygy boýunça durmuşa geçirilýän “Afrikada, Ýakyn Gündogarda we Aziýada raýat awiasiýasynyň howpsuzlygy (CASE II)” taslamasynyň çäklerinde okuwlar geçirildi. CASE II taslamasynyň umumy maksady özara hyzmatdaşlygy ýola goýmak arkaly, sebitiň hyzmatdaş döwletleriniň raýat awiasiýasynyň howpsuzlygyny güýçlendirmek üçin raýat awiasiýasyna abanýan dürli howplara garşy durmakdan ybaratdyr.ÇEŞME:“Türkmenhowaýollary” agentligi
14.05.2025 15:26