Täzelikler
Ulag geçelgeleriniň we ählumumy logistikanyň kemala gelmeginde Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň orny
BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygyna beslenýär. Ýylyň şygarynda parahatçylyk, özara düşünişmek, dostluk ýaly adamzadyň iň gymmatly ynsanperwer ýörelgeleri öz beýanyny tapýar. Bu başlangyç türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan döwletara gatnaşyklarda täze filosofiýa hökmünde öňe sürlen başlangyjyň logiki dowamydyr. Häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiligi bu syýasy-filosofik garaýşy «Dialog — parahatçylygyň kepili» başlangyjy hökmünde kabul edýär.çeşme:''Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi"
21.02.2025 09:36
Türkmenistanyň wekiliýeti Üçünji Hazar ykdysady forumyna gatnaşdy
2025-nji ýylyň 17-18-nji fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Tähran şäherinde geçirilen Üçünji Hazar ykdysady forumyna gatnaşdy. Çäräniň dowamynda 6 sany mowzuklaýyn mejlisler geçirilip, olaryň barşynda Hazarýaka döwletleriniň wekilleri bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.ÇEŞME:“Türkmenhowaýollary” agentligi
20.02.2025 14:32
Tokioda türkmen-ýapon söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 17-19-njy fewraly aralygynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy R.Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýanyň Tokio şäherine iş sapary amala aşyryldy.ÇEŞME:“Türkmenhowaýollary” agentligi
20.02.2025 11:35
«Hazar deňzi – Gara deňiz» halkara üstaşyr we ulag geçelgesini döretmek boýunça dörttaraplaýyn iş duşuşygy geçirildi
10-njy fewralda «Hazar deňzi – Gara deňiz» halkara üstaşyr we ulag geçelgesini döretmek we durmuşa geçirmek hakynda hökümetara Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly dörttaraplaýyn iş duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň we Rumyniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň, ulag ulgamy boýunça jogapkär ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.ÇEŞME:“Türkmenhowaýollary” agentligi
14.02.2025 09:37
Ulag-kommunikasiýa toplumynda geçen ýyl ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 118,8 göterime deň boldy
7-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2024-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Şeýle hem gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça 2025-nji ýylda öňde durýan wezipeler, ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meseleler girizildi. Hökümetiň giňişleýin mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we beýlekiler çagyryldy.ÇEŞME:“Türkmenhowaýollary” agentligi
10.02.2025 10:45
“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar
Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew durmuş-ykdysady özgertmeleriň çäklerinde gözegçilik edýän toplumynyň, hususan-da, “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli bolmagyny üpjün etmek hem-de awtomobil ulaglary arkaly ýük daşamak üçin ulag serişdelerini bökdençsiz we netijeli işletmek babatda zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.ÇEŞME:“Türkmenhowaýollary” agentligi
03.02.2025 12:47
“TÜRKMENHOWAÝOLLARY” AGENTLIGINIŇ TÜRKMENABAT HALKARA HOWA MENZILI AÇYK GÖRNÜŞLI HALKARA BÄSLEŞIK YGLAN EDÝÄR
Türkmenabat halkara howa menziliniň
radiotehniki we aragatnaşyk enjamlary ulanyş bazasynyň radionawigasiýa we radiolokasiýa desgalarynyň gerekli bolan enjamlary we ätiýaçlyk şaýlaryny, sputnik kanaly arkaly uçuşlaryň howpsyzlygyny we yzygiderligini üpjün edýän enjamlarynyň sagadyny düzýän serwerleri satyn almak boýunça
Açyk görnüşli halkara bäsleşik
yglan edýär.
Bildiriş berlen gününden açyk görnüşli halkara bäsleşige teklipler 30 (otuz) günüň dowamynda sagat 09:00-dan 18:00-a çenli kabul edilýär. Görkezilen möhletden soň berlen teklipler kabul edilmez. Maliýe geçirmegiň hasaby ýazmaça ýüz tutanda görkeziler.
Degişli resminamalar Türkmenabat Halkara howa menziliniň Marketing we şertnamalar bölümine berilýär. Möhür bilen tassyklanan doly tender teklibi möhürlenen bir konwert, bildiriş çap edilen pursatyndan başlap ýokardaky adrese eltilmelidir we bäsleşige gatnaşmak üçin tölegi tölenenden soň serediler. Tender konwertinde anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy şertleri (Word görnüşinde) we tehniki we ykdysady spesifikasiýa (Excel formatda) bolmaly.
SALGYMYZ: Türkmenabat şäheri,
Bagtyýarlyk köçesiniň ugry.
Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz:
+993(422) 9-46-78; 9-47-03.
29.01.2025 16:10
“Türkmenpoçta” aragatnaşyk kompaniýasy Bütindünýä poçta birleşiginiň halkara sanly ulgamyna birikdiriler
Sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew aragatnaşyk pudagyna ýöriteleşen halkara guramalar bilen sanly ulgamlary ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda alnyp barylýan işler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri Bütindünýä poçta birleşiginiň agzasy bolup durýar. Bu gurama tarapyndan halkara poçta alyş-çalyş amallaryny ýeňilleşdirmek üçin ähli poçta operatorlary tarapyndan “International Postal System” (IPS) atly sanly ulgamyň ulanylmagy göz öňünde tutulan. Ulgam poçtany dessin dolandyrmaga we elektron maglumatlary alyşmaga mümkinçilik berýän programma üpjünçiliklerini özünde jemleýär.çeşme:''Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi"
27.01.2025 10:15
Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Ýewropa Bileleşigi halkara ulag geçelgesi doly güýjünde hereket edýär
Häzirki wagtda Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Ýewropa Bileleşigi halkara ulag geçelgesi doly güýjünde hereket edýär. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň ulag we aragatnaşyk ministriniň orunbasary Beknazar Bazaraliýewiň sözlerine salgylanyp, «Tazabek» habar berdi. Beknazar Bazaraliýewiň aýtmagyna görä, Gyrgyzystanyň ýük daşaýjylary bu ulag geçelgesini eýýäm Ýewropa haryt daşamak üçin işjeň ulanýarlar.çeşme:''Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi"
27.01.2025 10:13
Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda göni howa gatnawyny ýola goýmak meselesi öwrenilýär
13 — 16-njy ýanwar aralygynda «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň wekilleri birnäçe ýapon edaralaryna möhüm gepleşikleri geçirdiler. Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň arasynda göni howa gatnawyny ýola goýmak hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň beýleki meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy habar berdi. çeşme:''Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi"
20.01.2025 11:03
«ÇaparPay-da» täze hyzmat: öý telefony üçin onlaýn töleg
«ÇaparPay» mobil goşundysy hyzmatlarynyň gerimini yzygiderli giňeltmegini dowam etdirýär. Indi öý telefonunyň hasaby we «Türkmentelekom» operatorynyň interneti üçin ähli welaýatlarda töleg etmek mümkinçiligi örän ýeňilleşdirildi!çeşme:''Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi"
15.01.2025 14:52
Türkmenistanlylar Russiýa we Belarus döwletlerine bir wiza bilen syýahat edip bilerler
2025-nji ýylyň 11-nji ýanwaryndan başlap, Belarus bilen Russiýanyň arasynda wizalary özara ykrar etmek barada ylalaşyk güýje girýär. Resminama görä, ýurtlaryň birine girmek üçin wiza alan Türkmenistanyň raýatlary wizanyň hereket edýän möhletiniň dowamynda iki döwletiň çäklerinde giriş-çykyş, ýaşamak we üstaşyr geçmek hukugyna eýe bolarlar diýip, BELTA habar berýärçeşme:''Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi"
13.01.2025 08:54
Ýurdumyzda ýolagçy gatnawy yzygiderli kämilleşdirilýär
Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi. Onda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümleri, hususan-da, «Türkmenawtoulaglary» agentligi tarapyndan ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, agentligiň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň ýokary derejesini üpjün etmek, şäheriçi awtobus ulgamynyň hilini we medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde döwrebaplaşdyrylan şäheriçi awtobuslaryny satyn almak, olary Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli şu ýylda ýurdumyza getirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.ÇEŞME:“Türkmenhowaýollary” agentligi
12.01.2025 08:47
Ilkinji gury ýük gämisiniň düýbüni tutmak dabarasy bolup geçdi
6-njy ýanwarda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» AGPJ-de ilkinji gury ýük gämisiniň düýbüni tutmak dabarasy bolup geçdi. Bu çärä zawodyň hünärmenleri we Günorta Koreýanyň «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýanyň direktory Çhwe Ýoň Ukuň ýolbaşçylygynda wekiller gatnaşdy. Dabara zawodyň we ýurdumyzyň gämi gurluşyk pudagynyň ösüşinde möhüm tapgyra öwrülen şanly waka boldy. Gäminiň dalagyny goýmak geljekki gurluşyň berkligini, ygtybarlylygyny we çydamlylygyny alamatlandyrýar. Täze ýük gämisi çeşmeleriň netijeli ulanylmagyny üpjün etmek bilen, häzirki zaman ülňülerine laýyk geler.ÇEŞME:“Türkmenhowaýollary” agentligi
11.01.2025 08:49
«DN TOURS» kompaniýasy Aşgabat — Moskwa ugry boýunça «S7 Airlines-yň» gatnawlaryny hödürleýär
«DN TOURS» kompaniýasy Russiýanyň «S7 Airlines» awiakompaniýasynyň awiapetekleriň satuwy boýunça Türkmenistandaky agenti bolup durýar. Aşgabat bilen Moskwa şäherleriniň arasyndaky uçuşlaryň sanynyň artmagy sebäpli, kompaniýa awiakompaniýanyň gatnawlary üçin awiapetekleri satyn almagy teklip edýär. Awiakompaniýanyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň berýän maglumatyna görä, 2025-nji ýylyň 9-njy ýanwaryndan başlap, duşenbe we penşenbe günlerinde goşmaça iki howa gatnawy amala aşyrylar we 15-nji ýanwardan başlap howa gatnawy her günde ýola goýlar.çeşme:''Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi"
10.01.2025 08:56
«Sanly medeniýet» atly maslahat geçirilýär
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy we BMG-niň Ösüş maksatnamasy tarapyndan durmuşa geçirilýän «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak» taslamasynyň çäginde «Sanly medeniýet» atly maslahat başlandy. Maslahat 10-njy ýanwara çenli dowam eder. Ony sanlylaşdyrma boýunça halkara hünärmen Wiktor Dostow geçirýär.ÇEŞME:“Türkmenhowaýollary” agentligi
09.01.2025 14:32
Ulag we kommunikasiýalar toplumynyň iş meýilnamalary makullanyldy
Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy. Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamynyň düzüm birlikleriniň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu meýilnamalara laýyklykda, 2025-nji ýylda döwrebap demir ýol, awtomobil we howa menzilleriniň, deňiz gämileriniň, häzirki zaman önümçilik we durmuş ähmiýetli desgalaryň gurluşyklarynyň dowam etdirilmegi, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy meýilleşdirilýär.ÇEŞME:“Türkmenhowaýollary” agentligi
06.01.2025 11:00
Türkmenistanyň Mejlisi 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy döwletleriň hem-de halklaryň arasynda özara düşünişmegi, netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýar. Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesine daýanyp, Ýer ýüzüniň döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen dünýäde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidine dostlukly, birek-birege ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmakda toplan gymmatly syýasy tejribesi sebitde we dünýäde durnuklylygy saklamaga, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýär.ÇEŞME:“Türkmenhowaýollary” agentligi
01.01.2025 12:03
Bank ulgamynda döwrebap sanly hyzmatlaryň görnüşleri yzygiderli artdyrylýar
Häzirki döwürde ýurdumyzda karz edaralary tarapyndan hödürlenilýän döwrebap sanly hyzmatlaryň görnüşleri yzygiderli artdyrylýar. Şolaryň hatarynda «Internet-bank», «Mobil-bank», «Elektron söwda», «Halkbank-terminal», «Galtaşyksyz töleg», «VISA Virtual», «Menzilara bank», «Sanly kart», «Sanly töleg», «Sanly karz» ýaly hyzmatlar bar. Olaryň kömegi bilen karzlary resmileşdirmek, internet ulgamy arkaly bank hasaplaryny görmek, elektron göçürmeleri almak, elektron töleg tabşyryklaryny taýýarlamak, onlaýn görnüşde täze bank kartlaryny açmak, bir kartdan beýleki karta pul serişdelerini geçirmek, harytlar we hyzmatlar üçin hasaplaşyklary geçirmek ýaly dürli amallary ýerine ýetirmek mümkindir. «VISA» we «MasterCard» halkara töleg ulgamlarynyň ornaşdyrylmagy bu ugurda möhüm ädim boldy. Munuň özi Türkmenistana ählumumy bank hyzmatlary ulgamyna goşulyşmaga, ýurdumyzyň esasy banklarynyň işewürlik abraýyny artdyrmaga mümkinçilik berýär.ÇEŞME:“Türkmenhowaýollary” agentligi
24.12.2024 16:34
Aşgabat-Daşoguz ugry boýunça goşmaça demir ýol gatnawlary girizildi
Täze ýylyñ öñ ýanynda Aşgabat-Daşoguz ugry boýunça goşmaça demir ýol gatnawlary girizildi. Dekabr aýynyñ 23-30-y aralygynda ýolagçylar otlylaryñ goşmaça sanyndan peýdalanyp bilerler, bu paýtagt bilen demirgazyk sebitiñ arasyndaky gatnawlaryñ amatlylygyny üpjün eder. Dekabr aýynyñ 23-30-y aralygynda Aşgabat-Daşoguz ugry boýunça dürli günlerde goşmaça otlylar heteket eder. Şeýlelikde, 23, 25, 27 we 29-njy dekabrda Aşgabatdan Daşoguza iki otlydan ugrar: birinjisi - 11:20, ikinjisi - 22:25. Galan günlerde, ýagny 24, 26, 28 we 30-njy dekabrda sagat 16:50 bir gatnaw amala aşyrylar. Bu çäreler baýramçylyk günlerinde ýolagçy akymynyñ köpelmeginiñ netijesinde kabul edilip, Täze ýyl baýramçylygyny hossarlary we ýakynlary bilen geçirmek isleýän raýatlaryñ gatnawlaryny ýeñilleşdirmäge gönükdirilen.ÇEŞME:агентство "туркменховаеллары"
24.12.2024 15:37