
Myhmanhana
Türkmenabat Halkara Howa Menziliniň Myhmanhanasy
Türkmenabat halkara howa menzili ýük terminalynda ekipaž üçin niýetlenen 25 orunlyk myhmanhana hyzmatlaryny Size hödürleýär.
Myhmanhana Türkmenabat halkara howa menziliniň çäginde ýerleşýär. Bu ýerden şäheriň islendik ýerine amatly we tiz baryp bolýandyr. Otagyň esasy bölegi rahat ýaşamak üçin gerekli enjamlardan ybaratdyr. Myhmanhanada 53 dürli otag bolup: rahat lyuks otaglary, standart otaglary, bir ýa-da iki orunlyk otaglar, maýyplar üçin otaglar we maşgalalylar üçin otaglar bardyr. Her bir myhman göwnüne laýyk ýerleşmek üçin: bir ýa-da iki orunlyk otag, umumy ýa-da aýry görnüşi saýlap bilerler. Hemme otaglarda döwrebap bezegli şertler döredilendir: her birinde sanuzel, tekiz ekranly telewizor, telefon, sowadyjy, wannada gerek serişdeler we balkon bardyr. Myhmanhanada doly enjamlaşdyrylan mejlisler zaly we VIP zal işewürlik duşuşyklary, prezentasiýalary we konferensiýalary geçirmek üçin taýýar bolup durýar. Mugt Wi-Fi myhmanhananyň ähli ýerinde işleýär. Türkmenabat halkara howa menziliniň myhmanhanasynda dynç almak we işewürlik duşuşyklary geçirmek üçin amatly şertler döredilendir.
Biz Sizi garşy almaga mydama şat hem-de güneşli Ýurdumyzda geçirjek syýahatyňyz täsirli galmagy üçin ähli tagallalary ederis.
Türkmenabat halkara howa menziliniň myhmanhanasy Türkmenabat–Mary–Aşgabat, Türkmenabat–Kerki, Türkmenabat–Buhara gara ýolunyň golaýynda ýerleşýär.
Bahasyny anyklamak üçin biz bilen habarlaşyp bilersiňiz. Baha ertirlik nahary bilen bir gije-gündiz otagy öz içine alýar. Hasaplaşyk wagty - sagat 12-de. * Daşary ýurt myhmanlar üçin hasaplaşyk USD geçirilýär.
Myhmanhananyň restoranynda dabaraly baýramçylyk çäreleri geçirip bolýar. Myhmanhanada goşmaça hyzmatlar myhmanlary rahat üpjün etmek üçin göz öňünde tutulandyr, olar şulardan ybarat.
Otaglar
Bir orunlyk
115 manat / 60 $
Iki orunlyk
200 manat / 100 $ *
Üç orunlyk
270 manat / 160 $
Maýyplar üçin
180 manat / 70 $ *
Amatlyklar
- Stol tennisi
- Dükan
- Wi-Fi
- Mugt duralga
- Restoran
- Birleşen otaglar
- Myhman kompýuteri
Kabul ediş
- Telefon
- +993 422 9-46-81
- Faks
- +993 422 9-46-81
- E-poçta
- hotel.turkmenabat@online.tm
- Iş sagatlary
- Girme: 12:00 · Çykalga: 12:00




