KERKI HALKARA HOWA MENZILI
Kerki halkara howa menzili Türkmenabat-Kerki awtoulag ýolunyň we şäher demir ýol menziliniň golaýynda ýerleşýär. Kerki howa menziliniň geçirijiligi sagatda 100 ýolagça niýetlenen bolup 2021-nji ýylyň iýun aýynda işe başlady. Täze howa menzili, 2012-2030-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmek boýunça milli maksatnamanyň durmuşa geçirilmeginiň çäginde gurlan dördünji infrastruktura desgasyna öwrüldi, oňa laýyklykda täze terminallar gurulýar we bar bolan profil desgalaryň we gulluklaryň durky täzelenýär.
Şunuň bilen baglylykda, Kerki halkara howa menziline ýerleşýän ýeriniň dört harply UTAE koduny, şeýle hem, howa menzili toplumynyň açylyş dabarasynda halkara ülňülerine esaslanyp gurlandygy baradaky laýyklyk güwänamasynyň Mýünhen halkara howa menzili tarapyndan Kerki halkara howa menziline gowşurylandygyny bellemek gerek. Bu resminama, Halkara raýat awiasiýasy baradaky Konwensiýanyň (1944-nji ýyldaky "Çikago konwensiýasy") 14-nji goşundysyna laýyklykda meýilnamalaşdyrmak we dizaýn bilen baglanyşykly ähli howa menzilleriniň parametrlerini, fiziki aýratynlyklaryna, aerodromlaryň işleýşine we hyzmat edilmegine bolan talaplary, şeýle hem ulanylan gonuş, nawigasiýa, meteorologiýa, yşyklandyryş we beýleki zerur ulgamlar halkara kadalaryna we ülňilerine laýyk gelýändigini tassyklaýar.
Terminalyň umumy meýdany 2221 m² metre deňdir. Binada ýolagçy hyzmatlary üçin ýük we el goşlary tabşyrylýan ýer, ilkinji gözden geçiriliş ýeri, petek kassalary, maglumat nokady, garbanyşhana, sowgatlyk önümler we gazet-žurnallar satylýan nokatlar, dermanhana, lukmançylyk otagy, gidýän ýolagçylaryň we ugradýan adamlaryň garaşýan ýeri ýerleşdirilipdir. Gidiş zaly (ýygnalýan ýer) kafeteriý, ene we çaga otagy we namaz okalýan otagy bolan 120 orun üçin niýetlenendir. Ýolagçylar üçin goşlary almagyň zaly göz öňünde tutuldy. Şeýle hem CIP toparlary we ýolagçylar üçin hyzmat zolagy bar, ol üpjün etmekde dolulygyna özbaşdakdyr. Terminalyň goýberiş ukyplylygy sagatda 100 ýolagçydyr. Ýolagçy terminalynyň binasy, iki gatda, terminal binasynyň ähli göwrüminden ýokary çykýan we agdyklyk edýän enjamlaşdyrylan dolandyryş diňi bilen gurlupdyr. Dolandyryş diňiniň beýikligi – 31,7 metr.
Howa menzilinde uzynlygy 2700 metr we ini 60 metr bolan emeli uçuş-gonuş zolagy ulanylýar. Iş giňligi 45 metrden (her tarapynda 7,5 metrden), uçuş-gonuş zolagynyň (EUGZ) gyralarynda uçarlary öwürmek üçin meýdançalar ýerleşdirilendir. "D" kody bilen ýazylan perron, öz hereketlendirijileri bilen işleýän iri göwrümli uçarlary (laýnerleri) sürmek mümkinçiligi bolan iki uçaryň duralgasy üçin niýetlenendir. Dikuçarlar üçin 4 sany duralgalar bar. Perronlaryň ölçegleri 165 x 240 metr. Uçuş ýolunyň uzynlygy - 202 metr, ini - 44 metr, iş giňligi - 10,5 metrden (her tarapynda 10,5 metrden)
Uçuşlarda gözleg-heläkçilikde halas edişi üpjün etmek üçin, Kerki halkara howa menzilinde utgaşdyryş merkezi döredildi we ol merkez adatdan daşary ýagdaýlarda çalt we sazlaşykly hereket etmegi üpjün edýär. Kerki halkara howa menzili ýangyndan goramagyň 7-njy derejesini üpjün edýär. Gullugyň binasynda howa gämileriniň uçuş-gonuşyna gözegçilik etmek üçin beýikligi 15,24 metr bolan diň ýerleşdirildi.
• KAMAZ-12/60-63501. Kamaz-12/60-63501 8Х8 kysymly ýangyn söndüriji awtoulagy, suw çeleginiň göwrümi 11300 l, köpürjik çeleginiň göwrümi 700 l, ýangyç çeleginiň göwrümi 220 liter, uçuş-gonuş zolagyny köpürjik bilen ýapmak üçin mümkinçiligi bar, harby söweşjeň hasapda 6 sany hünärmenden durýar.
• MAN-FLF-80-114-14+250P. MAN -FLF-80-114-14+250P 6Х6 kysymly ýangyn söndüriji awtoulagy, suw çeleginiň göwrümi 11400 l, köpürjik çeleginiň göwrümi 1400 l, tozly ot söndüriji bir sany -250 kg, ýangyç çeleginiň göwrümi 300 liter, harby söweşjeň hasapda 2 sany hünärmenden durýar.
• KAMAZ ASA-20. KAMAZ ASA-20 6Х6 heläkçilikde halas ediji awtoulagy şahsy düzümi hadysanyň bolup geçýän ýerine eltmäge niýetlenendir. Harby söweşjeň ýagdaýda iki sany halas ediji hünärmen durýar. Ýangyç çeleginiň göwrümi 220 literden iki sany bak, ASA-20 1,5 tonnalyk ýüki ýokary göteriji statsionar kran, 20 kwt-lyk elektrogenerator, heläkçilikde halas edijiş işlerini geçirmek üçin elektrik, gidrawliki hem-de elde ulanylýan gurallar bar.
• Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde gurulan täze halkara howa menzili daşary ýurt awiakompaniýalarynyň howa gämilerine ýokary hilli ýerüsti hyzmatlaryny hödürleýär. Daşary ýurt awiakompaniýalaryny çekmek üçin, Kerki halkara howa menzili Türkmenistanda iň amatly ýerüsti hyzmatlarynyň bahalary hödürleýär.
• Häzirki wagtda Kerki halkara howa menzilinde tehniki gonuşlar amala aşyrylanda, ekipaž agzalaryna COVID-19 PZR synag şahadatnamasy gerek däldir, hem- de 6 (alty) sagada çenli duralga rugsat berilýändir. Şeýle hem, 72 sagatdan geçmedik we 72 sagatlyk negatiw PZR COVID-19 synag şahadatnamasynyň bar bolan ýagdaýynda ekipaža dynç almaga rugsat berilýändir
Hyzmatdaşlara
Kerki halkara howa menzili hyzmatdaşlary garşylaýar.
Kabulhana
telefon: +993444 2-59-99
e-mail: kerki.airport@online.tm
Iş wagty: 09:00-18:00 (UTC+5)
Umumy bölüm
telefon: +993444 2-59-98
e-mail: umumybolum.kerki@sanly.tm
Iş wagty: 09:00-18:00 (UTC+5)
Ýolagçylary we Poçta, ýük daşamalary guraýan gulluk
telefon: +993444 2-59-99
e-mail: sop.kerki.airport@sanly.tm
Iş wagty: Gije-gündiziň dowamynda
Aeroportyň önümçilik dispeçer gullugy
telefon: +993444 2-59-54
e-mail: kerki.pdsa@sanly.tm
Iş wagty: Gije-gündiziň dowamynda
Meýilnama ykdysady bölüm
telefon: +993444 2-59-02
e-mail: planning.kerki.airport@sanly.tm
Iş wagty: Gije-gündiziň dowamynda