
Uçuşyň öň ýanyndaky barlag
Uçuşdan öň barlag
Terminala girýän adamlaryň öňünden barlagy
Uçuş üçin bellik
Resminamalaryň barlanmagy
Uçuşdan öň barlag
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň raýat howa gämileriniň ýolagçylarynyň el ýüküni we tabşyrylýan ýüküni barlamak, şeýle hem şahsy barlaglary geçirmek we raýat howa gämilerinde daşalmagy gadagan edilen maddalary, ýükleri we zatlary alyp goýmak tertibine esaslanyp.
Raýat awiasiýasynyň howa gämileriniň ýolagçylarynyň, olaryň el goşlarynyň, (şol sanda üstaşyr geçýän ýolagçylaryň hem) içerki we halkara awialiniýalarynda aeraportlarda barlanmagy şulary üpjün etmek maksady bilen amala aşyrylýar: uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýolagçylaryň we ekipaž agzalarynyň janyny ham-da saglygyny goramak, jenaýatçy elementler tarapyndan raýat howa gämilerini bikanun eýelemek (gaçyrmak) synanyşyklaryny we raýat awiasiýasynyň işine beýleki bikanun goşulmalaryň öňüni almak, şeýle hem partlaýjy, zäherli, aňsat ýanýan, radioaktiw maddalary, ýaraglary, ok-dermanlary we Raýat howa gämilerinde ýolagçylara daşamak gadagan edilen howply maddalaryň we zatlaryň sanawynda göz öňünde tutulan beýleki howply ýükleri we zatlary bikanun geçirmegiň öňüni almak ( 2022-nji ýyl, «Awiasiýa howpsuzlygy boýunça gollanma»).
Türkmenabat halkara aeroportynyň we Kerki halkara aeroportynyň terminal toplumyna girilende, ýolagçylaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, ähli gelýän myhmanlar deslapdan barlanýar. Bu barlag metallodetektorlardan geçmegi, goşlary barlamagy we zerur bolan ýagdaýynda şahsy gözleg geçirmegi öz içine alýar. Bu çäreler hem terminal binasynda, hem-de howa gämisiniň bortunda howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilendir.
Aeroportda barlag geçirmek stationary tehniki barlag serişdeleri we wideogözegçilik ulgamlary bilen enjamlaşdyrylan ýörite otaglarda (barlag punktlarynda), şeýle hem şahsy (aýratynlykda) barlag geçirmek üçin niýetlenen otaglarda amala aşyrylýar.
Ýolagçynyň ýanyndaky goşlaryň barlagy ýolagçynyň gatnaşmagynda geçirilýär. Goşlaryň (bagažyň) barlagy bolsa hem ýolagçynyň gatnaşmagynda, hem-de ol ýok mahaly geçirilip bilner.
Howa gämisiniň ýolagçysy uçuşdan öňki barlagdan geçmekden ýüz dönderen ýagdaýynda, Türkmenistanyň Howa kodeksiniň 72-nji maddasynyň 2-nji bendine laýyklykda, ýolagçyny howada daşamak şertnamasy ýatyrylan diýlip Hasaplanýar.
Ýolagçy we onuň ýanyndaky goşlary uçuşdan öňki barlagdan geçirmek amala aşyrylanda, petekde (elektron görnüşde resmileşdirilen petekler muňa degişli däl) we (ýa-da) oturgyç talonynda barlag geçirilendigi barada belgi goýulýar hem-de ýolagçy sterillenen zona gönükdirilýär.
Içerki gatnawlaryň ýolagçylarynyň we olaryň el goşlarynyň barlagy petekler hasaba alnandan soň, halkara gatnawlaryň ýolagçylarynyň barlagy bolsa ýolagçylar gümrük we serhet gözegçiliginden geçenden soň amala aşyrylýar.
Pasport we gümrük gözegçiligi zonasynda foto- we wideo almak gadagan edilýändigine Siziň ünsüňizi çekýäris.
Uçuşdan öň barlagdan geçmek
Oturgyç talonyňyzy we şahsyýetiňizi tassyklaýan resminamany görkezmäge taýýarlanyň;
Üstki eşikleriňizi, başgaplaryňyzy, guşaklaryňyzy, sagatlaryňyzy we beýleki metalliki zatlaryňyzy aýryp, plastik gutulara goýuň. Sizden aýakgabyňyzy hem çykarmak soralyp bilner;
Ykjam telefonlary, çakmaklary, çilimleri, şaýy pullary, açarlary we beýleki metalliki zatlary el goşuňyza salyň ýa-da plastik gutuda goýuň. Elektronly ýa-da elektrik enjamlaryny (meselem, şahsy kompýuterleri, planşetleri we ş.m.) aýratynlykda çykaryp goýuň;
El goşuňyzy introskopyň lentasyna keseligine goýuň. El goşuňyzy konweýeriň gyrasyna goýmaň — ol işe girizilende lentanyň yza tarap hereket etmegi we el goşuňyzyň gaçmagy mümkindir;
Kardiostimulýatorly (ýürek ritmini kadalaşdyryjy enjamly) ýolagçylar tehniki we ýörite serişdeleri ulanmazdan, el bilen (galtaşyp) barlagdan geçýärler. Kardiostimulýatory bolan uçýan ýolagçy şeýle çäklendirmeleriň bardygyny awiasion howpsuzlyk gullugynyň barlagçysyna gatnaw resminamalary barlanylanda ýa-da barlaga taýýarlyk görülýän mahaly habar bermäge borçludyr;
Ýolagçylar barlag geçirýän aeropordyň işgärleriniň tüm talaplaryny berjaý etmäge borçludyrlar.
Howa gämisinde ýolagçylaryň el goşlary we ýükleri bilen göterýän howply ýükler barada düzgünler
GOŞLARDA WE EL GOŞLARYNDA DAŞAMAK GADAGAN EDILEN ZATLAR
Magnit serişdeleri
Şok beriji enjamlar
Radioaktiw maddalar
Zäherli we toksiki maddalar, ýokanç materially gaplar, simap, antifriz, tormoz suwuklygy we ş.m.
Gysylan we suwuklandyrylan gazlar, propan we ş.m, öz-özüňi goramak üçin ballonçiklar, çakmaklar (ýanyňyzda saklanýan, suwuklandyrylan gazdan başga siňdirilmedik suwuk ýangyçsyz bir sany kiçi çakmakdan başga) we ş.m.
Aňsat ýanýan maddalar: asiton, benzin, kükürt (ýanyňyzda saklanýan bir sany kiçi goşmaça zelelsiz kükürt gutusyndan başga), kraska ballonçyklary we ş.m.
Ýanýan gaty maddalar: öz-özünden ýanmaga ukyply ýa-da suw bilen özara täsirleşende aňsat ýanýan gazlary bölüp çykarýan maddalar we ş.m.
Dargadyjy, iýiji maddalar: simap, kislotalar, organiki perekesler we ş.m.
Partlaýjy maddalar we olaryň içi doldurylan zatlar: poroh, ok-dermanlar, kapsullar, detonatorlar, pirotehnika we ş.m.
Üns beriň: Aeroportda ýerliksiz degişmeler etmek bolmaýar: «bomba», «kislota» we ş.m. Ýolagçy gatnawdan aýrylyp, duýdansyz derňew geçirmek we jenaýat jogapkärçiligine çekmek üçin Içerki işler ministrliginiň (IIM) edaralaryna tabşyrylyp bilner.
EL GOŞUNDA DAŞAMAK GADAGAN EDILEN ZATLAR
Sygymlylygy 100 ml-den geçýän gaplardaky suwuklyklar we geller.
Islendik görnüşdäki ýaraglar we olaryň meňzeşleri (imitasiýasy).
Sanjyjy-kesiji zatlar: ştoporlar, gaýçylar, iňňeler, baltalar, buz baltalary, lezwiýalar, pyçaklar, gylyçlar, hançarlar we ş.m.
Urup-döwüji täsirli gurallar: bitalar, dürli görnüşli taýaklar (dubinkalar), elurşy serişdeleri we ş.m.
Iş gurallary: aralar, montirowkalar, dreller, swýorlalar we ş.m.
Ýolagçynyň ýaragy uçuş wagtynda wagtlaýyn saklamak üçin aeroportyň awiasion howpsuzlyk gullugynyň işgärine tabşyrylýar. Tabşyrmaklyk uçar uçmazyndan azyndan 1,5 sagat öň amala aşyrylýar.
Howply maddalaryň we zatlaryň jikme-jik sanawy ICAO-nyň «Howply ýükleri howa arkaly howpsuz daşamak boýunça tehniki gözükdirmelerinde» saklanýar.
Eger siz hasaba alyş meňzelinde el goşunda daşamagy gadagan edilen zady tabşyrmadyk bolsaňyz, ol eliňizden alynar.




