Lachyn

TÜRKMENABAT HALKARA
HOWA MENZILI

HALKARA PARAHATÇYLYK WE
YNANYŞMAK ÝYLY

2024-nji ýylyň şygary

Täzelikler

“Türkmentelekom” EAK-nyň hyzmatlaryny birikdirmek üçin onlaýn-ýüztutmany dolduryň

“Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň saýtynda Türkmenistanyň islendik ýaşaýjysy, ýaşaýan ýerine garamazdan Internet, öý telefony ýa-da kabel TV ýaly hyzmatlary birikdirmek üçin onlaýn-ýüztutmany dolduryp biler.çeşme:''Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi"

15.04.2025 09:42


«EKSPO — 2025» sergisinde Türkmenistanyň Milli güni

Ýaponiýada saparda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün ir bilen Osaka şäherinde geçirilýän «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisiniň çäginde guralan Türkmenistanyň Milli gününe gatnaşdy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bu iri gözden geçirilişe gatnaşýan 160-a golaý ýurduň arasynda öz Milli gününi ilkinjileriň hatarynda geçirmek hormatyna eýe boldy.ÇEŞME:“Türkmenhowaýollary” agentligi

15.04.2025 09:38


Türkmenistan Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň ýörite maksatnamasy boýunça hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we aragatnaşyk agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew raýat awiasiýasy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça halkara guramalar bilen bilelikde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.ÇEŞME:“Türkmenhowaýollary” agentligi

14.04.2025 09:27


«Türkmenhowaýollary» Agentliginiň edaralarynyň sorag-jogap gulluklarynyň aragatnaşyk maglumatlary

Türkmenistan raýatlary üçin ýolagçylara hyzmatlaryň hilini yzygiderli kämilleşdirmek we howa ulag hyzmatlarynyň elýeterliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, «Türkmenhowaýollary» Agentligi öz maglumat infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmagy dowam etdirýär. Bu başlangyçlaryň möhüm bölekleriniň biri — degişli edaralaryň sorag-jogap gulluklaryna elýeterliligi üpjün etmekdir.ÇEŞME:“Türkmenhowaýollary” agentligi

14.04.2025 09:24


“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Awiasiýa işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň wekilleri köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdylar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow il-ýurt bähbidine gönükdirilen içeri we daşary syýasatyny durmuşa gçirmek boýunça ägirt uly işleri amala aşyrýarlar. Şunda Garaşsyz Türkmenistanyň belent sepgitlerini dünýä ýaýmak, halkara abraýyny berkitmek, taryhy mirasyny, milli däp-dessurlaryny we ruhy-ahlak gymmatlyklaryny gorap saklamak ileri tutulýan ugurlaryň hataryna girýär. ÇEŞME:“Türkmenhowaýollary” agentligi

11.04.2025 15:26


«Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa gatnawlarynyň Baş gullugy çagalar üçin ýeňillikli awiabiletleriň satuwyny yglan edýär

«Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa gatnawlarynyň Baş gullugy ýolagçylara hödürleýän hyzmatlarynyň hilini has-da gowulandyrmak üçin işlerini ýokary depginde dowam edýär. Agentlik maşgalalar üçin täze we juda amatly bolan mümkinçiligi hödürleýär. Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalary bilen syýahat edýän ýolagçylaryň sany juda köp bolýar. Şonuň üçin «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa gatnawlarynyň Baş gullugy Aşgabat – Kuala-Lumpur / Hoşemin / London / Bangkok / Frankfurt / Milan – Aşgabat ugurlary boýunça 01.05.2025 seneden 30.06.2055 sene aralygynda 2 ýaşa çenli we 2 ýaşdan 12 ýaşa çenli çagalara ýeňillikli awiabiletleriň satuwyny yglan edýär!ÇEŞME:“Türkmenhowaýollary” agentligi

07.04.2025 09:45


Täze Balkanabat Halkara howa menzili: Türkmenistanyň ulag ulgamynyň ösüşinde strategiki ädim

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowynyň parasatly ýolbaşçylygynda hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryna laýyklykda, ýurdumyzda ulag infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça giň möçberli işler dowam edýär.ÇEŞME:“Türkmenhowaýollary” agentligi

07.04.2025 09:42


Türkmenistan BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça maslahatyny geçirmäge taýýarlanýar

Türkmenistanda BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça halkara maslahatyny geçirmäge işjeň taýýarlyk görülýär. TDH-niň habar berşi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bu halkara foruma taýýarlyk meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi.çeşme:''Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi"

02.04.2025 11:33


«Türkmenhowaýollary» agentliginiň ýolbaşçysy Hindistanyň ilçisi bilen duşuşdy

«Türkmenhowaýollary» agentliginiň başlygy Döwran Saburow Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Madhumito Hazarika Bhagat bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar durnukly ulag ulgamlaryny we raýat awiasiýasyny ösdürmek boýunça iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.çeşme:''Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi"

02.04.2025 11:29


“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň dabaralanmagy” atly maslahat geçirildi

24-nji martda Aşgabat şäher häkimliginiň “Mekan” köşgünde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň dabaralanmagy” atly maslahat geçirildi. Ol 2025-nji ýylyň 21-nji martynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegine bagyşlandy. “Mekan” köşgüne ýurdumyzyň Hökümet agzalary, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistanda işleýän wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyplar ýygnandylar.ÇEŞME:“Türkmenhowaýollary” agentligi

26.03.2025 13:58


Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen degişli mukdardaky noutbuk kompýuterlerini satyn almak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ýaş nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almagy we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, giň gözýetimli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin amatly şertleri döretmek, şeýle hem ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdeplerine 2025-2026-njy okuw ýylynda 1-nji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylara noutbuk kompýuterlerini sowgat bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. ÇEŞME:“Türkmenhowaýollary” agentligi

25.03.2025 13:55


Türkmenistanda Halkara Nowruz güni ýokary ruhubelentlikde garşylandy

21-nji martda türkmen halky Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlikde we şatlykda, ýagşy arzuw-umytlar bilen garşylady. Esasy dabaralar, däp bolşy ýaly, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky “Nowruz ýaýlasynda” ýaýbaňlandyryldy. ÇEŞME:“Türkmenhowaýollary” agentligi

24.03.2025 12:27


“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahat geçirildi

Düýn paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahat geçirildi. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilýän bu maslahata türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Foruma Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary ýurtlaryň döwlet edaralarynyň we iri kompaniýalaryň, halkara guramalaryň, maliýe institutlarynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, talyplar gatnaşdylar.ÇEŞME:“Türkmenhowaýollary” agentligi

22.03.2025 16:14


Turkish Airlines Stambul-Aşgabat-Stambul ugry boýunça gatnawlaryñ sanyny köpeldýär

2025-nji ýylyñ 30-njy martyndan başlap Stambul bilen Aşgabadyñ arasyndaky gatnawlaryñ sany hepdede 14-e çenli köpeldiler. Bu barada Aşgabatdaky Turkish Airlines awiakompaniýasynyñ wekiliýetinde ORIENT saýtyna habar berdiler. Ozal türk awiadaşaýjysy bellenen ugur boýunça hepdede 11 gatnawlary amala aşyrýardy. çeşme:''Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi"

22.03.2025 11:17


Birža söwdalarynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini, suwuklandyrylan gazy, şeýle hem «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ECO-93 kysymly awtoulag benzinini satyn aldylar.ÇEŞME:“Türkmenhowaýollary” agentligi

19.03.2025 17:18


Türkmenistan bilen ÝUNISEF-niň arasyndaky gatnaşyklaryň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Mart aýynyň 15-ne Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan binýat bolan Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili hanym Jalpa Ratna bilen duşuşygy boldy. Onda Türkmenistan bilen ÝUNISEF-niň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.ÇEŞME:“Türkmenhowaýollary” agentligi

18.03.2025 09:09


Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky müşderileri üçin täze hyzmat girizýär

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky syýahat ýa-da iş saparyny amala aşyrýan «MasterСard Gold» we «MasterСard Business» kartlarynyň eýeleri üçin täze hyzmatyň girizilendigini habar berýär. Hyzmata laýyklykda bankyň müşderileri «Lounge Key» programmasynyň üsti bilen tutuş dünýä boýunça halkara howa menzillerinde bar bolan biznes zallaryna ýylda iki gezek mugt girip bilýärler. çeşme:''Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi"

17.03.2025 08:36


Türkmenabat halkara howa menzili wideo gözegçilik ulgamyna tehniki hyzmat bermek boýunça bäsleşik yglan edýär

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Türkmenabat halkara howa menziliniň toplumynda oturdylan wideo gözegçilik ulgamyny hemişe işjeň ýagdaýda saklamak we olara ygtyýarly hünärmenler tarapyndan wagtly-wagtynda tehniki hyzmatlary bermek üçin ýerine ýetirijini saýlamak boýunça açyk görnüşli bäsleşik yglan edýärAçyk bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän kompaniýalar, telekeçiler, hususy kärhanalar ýüzlenme haty bilen aşakdaky resminamalary we maglumatlary hödürlemeli: kompaniýa barada gysgaça maglumat, hukuk derejesi, hasaba alnandygy barada resminamalary, ýuridiki salgysy, kompaniýanyň jogapkär wekili, onuň el we iş telefony; kompaniýanyň agzalan ugur boýunça bar bolan tejribesi hakynda maglumatlar; bäsleşige gatnaşjak kompaniýanyň jogapkär wekiliniň ynanç haty; bäsleşige gatnaşmak üçin 70,00 manat (ýetmiş manat — goşulan baha üçin salgydy goşmak bilen) töleg tölemeli (gatnaşmak üçin töleg yzyna gaýtarylmaýar). Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +993 (422) 9-46-78; +993 (422) 9-47-03; Türkmenabat şäheri, Bagtyýarlyk köçesi.ÇEŞME:“Biznes Türkmenistan”

13.03.2025 16:46


«ÇaparPay»: amatly töleg etmek üçin niýetlenen mobil goşundy

«ÇaparPay» mobil goşundysy Türkmenistanyň raýatlarynyň gündelik durmuşyny görnetin aňsatlaşdyrýar. Döwrebap ulanyjynyň isleglerini kanagatlandyrmak üçin döredilen bu goşundy banka ýa-da töleg terminalyna barmazdan, gönümel ýüzugra köp sanly maliýe amallaryny amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Ulanyjylar «ÇaparPay-yň» kömegi bilen ýol hereketiniň kadalarynyň bozulmagy üçin jerimeleri, jemagat hojalygy hyzmatlary, meşhur «Belet» platformasynyň hasaby ýa-da «Älem TV» emeli hemra teleýaýlym hyzmatyna ýazylmak üçin tölegleri töläp bilerler.çeşme:''Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi"

12.03.2025 11:51


«Türkmenistan» awiakompaniýasy Delä goşmaça uçuşlary amala aşyrar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 15 — 29-njy mart aralygynda Aşgabat — Deli — Aşgabat ugry boýunça goşmaça gatnawlary amala aşyrar. Goşmaça howa gatnawlary hepdäniň şenbe günlerinde guralar. Bu barada awiakompaniýanyň resmi saýtynda habar berildi. Bellenilişi ýaly, goşmaça uçuşlar bu döwürde syýahat etmegi meýilleşdirýän ýolagçylara amatlylygy üpjün edip, Türkmenistan bilen Hindistanyň arasyndaky ulag arabaglanyşygyny gowulandyrar. Goşmaça maglumatlary ýa-da petekleri turkmenistanairlines.tm alyp bilersiňiz. çeşme:''Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi"

12.03.2025 11:43