Lachyn

TÜRKMENABAT HALKARA
HOWA MENZILI

HALKARA PARAHATÇYLYK WE
YNANYŞMAK ÝYLY

2024-nji ýylyň şygary

Täzelikler

Ýurdumyzda ýolagçy gatnawy yzygiderli kämilleşdirilýär

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi. Onda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümleri, hususan-da, «Türkmenawtoulaglary» agentligi tarapyndan ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, agentligiň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň ýokary derejesini üpjün etmek, şäheriçi awtobus ulgamynyň hilini we medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde döwrebaplaşdyrylan şäheriçi awtobuslaryny satyn almak, olary Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli şu ýylda ýurdumyza getirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.ÇEŞME:“Türkmenhowaýollary” agentligi

12.01.2025 08:47


Ilkinji gury ýük gämisiniň düýbüni tutmak dabarasy bolup geçdi

6-njy ýanwarda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» AGPJ-de ilkinji gury ýük gämisiniň düýbüni tutmak dabarasy bolup geçdi. Bu çärä zawodyň hünärmenleri we Günorta Koreýanyň «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýanyň direktory Çhwe Ýoň Ukuň ýolbaşçylygynda wekiller gatnaşdy. Dabara zawodyň we ýurdumyzyň gämi gurluşyk pudagynyň ösüşinde möhüm tapgyra öwrülen şanly waka boldy. Gäminiň dalagyny goýmak geljekki gurluşyň berkligini, ygtybarlylygyny we çydamlylygyny alamatlandyrýar. Täze ýük gämisi çeşmeleriň netijeli ulanylmagyny üpjün etmek bilen, häzirki zaman ülňülerine laýyk geler.ÇEŞME:“Türkmenhowaýollary” agentligi

11.01.2025 08:49


«DN TOURS» kompaniýasy Aşgabat — Moskwa ugry boýunça «S7 Airlines-yň» gatnawlaryny hödürleýär

«DN TOURS» kompaniýasy Russiýanyň «S7 Airlines» awiakompaniýasynyň awiapetekleriň satuwy boýunça Türkmenistandaky agenti bolup durýar. Aşgabat bilen Moskwa şäherleriniň arasyndaky uçuşlaryň sanynyň artmagy sebäpli, kompaniýa awiakompaniýanyň gatnawlary üçin awiapetekleri satyn almagy teklip edýär. Awiakompaniýanyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň berýän maglumatyna görä, 2025-nji ýylyň 9-njy ýanwaryndan başlap, duşenbe we penşenbe günlerinde goşmaça iki howa gatnawy amala aşyrylar we 15-nji ýanwardan başlap howa gatnawy her günde ýola goýlar.çeşme:''Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi"

10.01.2025 08:56


«Sanly medeniýet» atly maslahat geçirilýär

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy we BMG-niň Ösüş maksatnamasy tarapyndan durmuşa geçirilýän «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak» taslamasynyň çäginde «Sanly medeniýet» atly maslahat başlandy. Maslahat 10-njy ýanwara çenli dowam eder. Ony sanlylaşdyrma boýunça halkara hünärmen Wiktor Dostow geçirýär.ÇEŞME:“Türkmenhowaýollary” agentligi

09.01.2025 14:32


Ulag we kommunikasiýalar toplumynyň iş meýilnamalary makullanyldy

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy. Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamynyň düzüm birlikleriniň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu meýilnamalara laýyklykda, 2025-nji ýylda döwrebap demir ýol, awtomobil we howa menzilleriniň, deňiz gämileriniň, häzirki zaman önümçilik we durmuş ähmiýetli desgalaryň gurluşyklarynyň dowam etdirilmegi, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy meýilleşdirilýär.ÇEŞME:“Türkmenhowaýollary” agentligi

06.01.2025 11:00


Türkmenistanyň Mejlisi 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy döwletleriň hem-de halklaryň arasynda özara düşünişmegi, netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýar. Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesine daýanyp, Ýer ýüzüniň döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen dünýäde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidine dostlukly, birek-birege ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmakda toplan gymmatly syýasy tejribesi sebitde we dünýäde durnuklylygy saklamaga, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýär.ÇEŞME:“Türkmenhowaýollary” agentligi

01.01.2025 12:03


Bank ulgamynda döwrebap sanly hyzmatlaryň görnüşleri yzygiderli artdyrylýar

Häzirki döwürde ýurdumyzda karz edaralary tarapyndan hödürlenilýän döwrebap sanly hyzmatlaryň görnüşleri yzygiderli artdyrylýar. Şolaryň hatarynda «Internet-bank», «Mobil-bank», «Elektron söwda», «Halkbank-terminal», «Galtaşyksyz töleg», «VISA Virtual», «Menzilara bank», «Sanly kart», «Sanly töleg», «Sanly karz» ýaly hyzmatlar bar. Olaryň kömegi bilen karzlary resmileşdirmek, internet ulgamy arkaly bank hasaplaryny görmek, elektron göçürmeleri almak, elektron töleg tabşyryklaryny taýýarlamak, onlaýn görnüşde täze bank kartlaryny açmak, bir kartdan beýleki karta pul serişdelerini geçirmek, harytlar we hyzmatlar üçin hasaplaşyklary geçirmek ýaly dürli amallary ýerine ýetirmek mümkindir. «VISA» we «MasterCard» halkara töleg ulgamlarynyň ornaşdyrylmagy bu ugurda möhüm ädim boldy. Munuň özi Türkmenistana ählumumy bank hyzmatlary ulgamyna goşulyşmaga, ýurdumyzyň esasy banklarynyň işewürlik abraýyny artdyrmaga mümkinçilik berýär.ÇEŞME:“Türkmenhowaýollary” agentligi

24.12.2024 16:34


Aşgabat-Daşoguz ugry boýunça goşmaça demir ýol gatnawlary girizildi

Täze ýylyñ öñ ýanynda Aşgabat-Daşoguz ugry boýunça goşmaça demir ýol gatnawlary girizildi. Dekabr aýynyñ 23-30-y aralygynda ýolagçylar otlylaryñ goşmaça sanyndan peýdalanyp bilerler, bu paýtagt bilen demirgazyk sebitiñ arasyndaky gatnawlaryñ amatlylygyny üpjün eder. Dekabr aýynyñ 23-30-y aralygynda Aşgabat-Daşoguz ugry boýunça dürli günlerde goşmaça otlylar heteket eder. Şeýlelikde, 23, 25, 27 we 29-njy dekabrda Aşgabatdan Daşoguza iki otlydan ugrar: birinjisi - 11:20, ikinjisi - 22:25. Galan günlerde, ýagny 24, 26, 28 we 30-njy dekabrda sagat 16:50 bir gatnaw amala aşyrylar. Bu çäreler baýramçylyk günlerinde ýolagçy akymynyñ köpelmeginiñ netijesinde kabul edilip, Täze ýyl baýramçylygyny hossarlary we ýakynlary bilen geçirmek isleýän raýatlaryñ gatnawlaryny ýeñilleşdirmäge gönükdirilen.ÇEŞME:агентство "туркменховаеллары"

24.12.2024 15:37


Sanly bank ulgamy halkyň hyzmatynda

Türkmenistanyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ykdysady strategiýasynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly ygtybarly milli bank ulgamynyň döredilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Bu wezipäni çözmek ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi, çünki karz edaralarynyň işiniň döwrüň talaplaryna laýyklykda guralmagy milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny, innowasion ösüşini, onuň ählumumy ykdysady gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulyşmagyny üpjün etmäge goşant goşýar.çeşme:''Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi"

24.12.2024 10:27


Ýanwar aýynyň ilkinji ongünliginde ýurdumyzda Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk dabaralary geçiriler

21-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan Täze ýyl baýramyny, mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlanylan meýilnamalar barada hasabat berdi.ÇEŞME:агентство "туркменховаеллары"

23.12.2024 17:43


Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

21-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi. Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew milli awiasiýa pudagynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler, hususan-da, Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň taýýarlanylan Döwlet maksatnamasy barada hasabat berdi. Maksatnamada Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça kadalaryna, tejribelerine we iş amallaryna laýyklykda, Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň uçuşlaryň howpsuzlygyny, yzygiderliligini, netijeliligini ýokary derejede üpjün etmek üçin hukuk hem-de guramaçylyk çäreleri göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi.ÇEŞME:агентство "туркменховаеллары"

23.12.2024 16:41


«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» APJ Özbegistandan Braziliýa ilkinji konteýner otlusyny ibermegi gurady

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» APJ (TULM) Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinden karbamid ýüki bilen ilkinji konteýner otlusyny ibermek arkaly deňi-taýy bolmadyk logistika ugruna ýük ibermek başlangyjy bilen çykyş etdi. «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkeziniň» habar bermegine görä, her biri 28 tonna barabar bolan mineral dökünli 54 sany 40 futlyk konteynerden ybarat bu otly şeýle görnüşdäki ilkinji göni ýük gatnaw ugry bolup durýar..çeşme:''Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi"

20.12.2024 09:42


«Akylly» şäher: dolandyrmak, sanly, “akylly” we emeli aň tehnologiýalary, howpsuzlygy, ykdysadyýeti» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

Düýn Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Akylly» şäher: dolandyrmak, sanly, “akylly” we emeli aň tehnologiýalary, howpsuzlygy, ykdysadyýeti» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň pudaklarynda sanly ulgamlar, «akylly» we «ýaşyl» tehnologiýalar ornaşdyrylyp, emeli aň mümkinçiliklerinden peýdalanylýar. Şonuň netijesinde halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler döredilýär. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri munuň aýdyň mysalydyr.ÇEŞME:агентство "туркменховаеллары"

19.12.2024 11:15


«Türkmenistan» awiakompaniýasy halkara uçuşlarynyň geografiýasyny giňeldýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat – Deli we Aşgabat – Jidda ugurlary boýunça uçuşlarynyň sanyny köpeldýär. Degişli maglumatlar awiakompaniýanyň resmi saýtyndaky täzelenen halkara uçar gatnawlarynyň tertibinde çap edildi. Aşgabat – Deli – Aşgabat ugry boýunça goşmaça uçuşlar 22-nji dekabr, 29-njy dekabr, 4-nji ýanwar, 11-nji ýanwar we 18-nji ýanwar günlerine meýilleşdirilýär. Aşgabat – Jidda – Aşgabat ugry boýunça goşmaça uçuşlar bolsa 24-nji dekabr, 4-nji fewral we 11-nji fewral günleri amala aşyrlar. Häzirki wagtda awiakompaniýa Deli we Jidda şäherlerine hepdede iki gezek yzygiderli uçuşlary amala aşyrýar. Ähli içerki we halkara uçuşlaryna biletleri turkmenistanairlines.tm saýtynda onlaýn görnüşde satyn almak üçin elýeterlidir. Görkezilen ugurlardan başga-da, «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň uçarlary Dubaý, Abu-Dabi, Pekin, Bangkok, Hoşimin, Kuala-Lumpur, London, Frankfurt, Milan, Moskwa we Stambul şäherlerine yzygiderli uçuşlary amala aşyrýar.çeşme:''Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi"

18.12.2024 12:50


«Türkmenpoçtanyň» çaparçylyk hyzmaty: Täze ýyl sowgatlaryny ugratmak üçin oňaýly hyzmat

Täze ýylyň bosagasynda «Türkmenpoçta» ýurduň islendik künjegine baýramçylyk sowgatlaryny ugratmagyň ygtybarly we oňaýly usulyny hödürleýär. Kompaniýanyň çaparçylyk hyzmaty Türkmenistanyň dürli sebitlerine ýollamalary tiz we ýokary hilli eltip bermegi üpjün edýär. Kompaniýanyň çaparlary baýramçylyk döwründe aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolan her bir sowgatlyk ýollamasyny alyjynyň gönümel öz eline gowşurmagy kepillendirýärler. Müşderiler sargyt etmegiň birnäçe amatly usullaryndan peýdalanyp bilerler: Çapary öýüňize ýa-da ofisiňize çagyrmak — (+993 12) 92 14 95 «ÇaparPay» mobil goşundysyndan peýdalanmak «ÇaparPay» mobil goşundysy goşmaça amatlylygy — Türkmenistanyň islendik bank kartyndan tölegleri awtomatiki usulda geçirmegi hödürleýär. Goşundy Google Play we App Store internet dükanlarynda ýükläp almak üçin elýeterlidir.çeşme:''Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi"

18.12.2024 12:48


Ýurdumyzda baş arçanyň yşyklaryny ýakmak dabarasy geçirildi

15-nji dekabrda ýurdumyzyň Baş arçasy şadyýan aýdymlaryň, ajaýyp sazlaryň owazynyň astynda we ýaşajyk türkmenistanlylaryň ýerine ýetiren tansly kompozisiýalary bilen dürli yşyklarda ýalkym saçdy. Munuň özi uzak garaşylan, hemmeler üçin ýakymly Täze ýyl baýramynyň dabaralaryna özboluşly badalga boldy. Baş arçanyň yşyklaryny ýakmak dabarasy her ýyl “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada geçirilýär. Bu ýerde asylly däbe görä, giň gerimli dabaralar ýaýbaňlandyrylýar. Sekizburçly ýyldyz we “2025” ýazgy bilen bezelen, köp sanly kümüşsöw garjagazlarda, dürli öwüşgindäki yşyklarda ýalkym saçýan Baş arçanyň beýikligi 44 metre, ini bolsa 16 metre deňdir.ÇEŞME:агентство "туркменховаеллары"

17.12.2024 12:08


«Marytelekom» WEAK-da «Sanly ulgama innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak» atly maslahat geçirildi

«Marytelekom» welaýat elektroaragatnaşyk kärhanasynda (WEAK) ýakynda «Sanly ulgama innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahat ýurdumyzdaky innowasion tehnologiýalary ösdürmek we täze ylmy tehnologiýalar barada pikir alyşmak maksady bilen guraldy. Ylmy-amaly maslahata şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymlary, welaýatyň telekeçileri gatnaşdylar. Çykyş edenler energetika pudagynda emeli aňy ulanmak arkaly aragatnaşyk ulgamynda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek we energiýa ulgamlarynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak barada aýdyp geçdiler.çeşme:''Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi"

16.12.2024 09:22


«Turkish Airlines-yň» saýtynda awiapetek almakdan başga-da köp hyzmatlar hödürlenýär

«Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň resmi web saýty diňe bir awiapetekleri satyn almak üçin niýetlenen saýt däldir. Bu syýahat etmek isleýänler üçin gerek bolan ähli hyzmatlary we mümkinçilikleri hödürleýän doly hukukly sanly kömekçidir. Geliň, näme üçin bu saýtyň az-kem wagtyňy sarp edeniňe degýändigi dogrusynda durup geçeliň.çeşme:''Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi"

09.12.2024 16:11


On bir aýda ulag toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 119,1 göterime deň boldy

6-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ileri tutulýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.ÇEŞME:агентство "туркменховаеллары"

09.12.2024 08:48


«Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary we tehnologiýalary» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirilýär

5-nji dekabrda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary we tehnologiýalary» atly iki günlük halkara ylmy-amaly maslahat öz işine başlady. Utgaşykly görnüşde geçirilýän foruma Türkmenistanyň, şeýle-de daşary ýurtlaryň 30-dan gowragyndan dil bilimi hem-de daşary ýurt dillerini öwretmek boýunça iş alyp barýan professor-mugallymlar, bilermenlerdir hünärmenler, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar. Şu gezekki maslahat we onuň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan sergi bilim ulgamynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda guralan çäreleriň üstüni ýetirdi.ÇEŞME:агентство "туркменховаеллары"

06.12.2024 12:01