Lachyn

TÜRKMENABAT HALKARA
HOWA MENZILI

"PÄHIM-PAÝHAS UMMANY
MAGTYMGULY PYRAGY"

2024-nji ýylyň şygary

Täzelikler

Türkmenistan demir ýol ulagy pudagyny döwrebaplaşdyrýar

Sanly ulgam arkaly 18-nji oktýabrda geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Türkmenistanyň demir ýol ulaglary pudagynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Bu barada TDH ýazýar. Hasabatda bellenilişi ýaly, Türkmenistany 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident maksatnamasynda demir ýol ulagy pudagyny döwrebaplaşdyrmak, elektrikleşdirmek, dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de hünärmenleri taýýarlamak işleri göz öňünde tutulyp, bu ugurda zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.çeşme:''Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi"

21.10.2024 11:35


"Sanly çözgüt - 2024" bäsleşiginiň saýlama tapgyry başlady

"Sanly çözgüt - 2024" innowasiýa taslamalarynyň bäsleşiginiň saýlama tapgyry başlady. Çäre "Türkmenaragatnaşyk" agentliginiň binasynda geçirilýär we programma üpjünçiligini, ylmy açyşlary we oýlap tapyşlary işläp düzýän zehinli ýaşlary goldamaga gönükdirilendir. Bäsleşik ýedi ugur boýunça geçirilýär: emeli aň, robotlaryň tehnikasy we awtomatizasiýa, akylly oba hojalyk tehnologiýalary, "Akylly şäher", bilim we elektron okuw, sanly lukmançylyk we hyzmat ediş ulgamy. Degişli ministrlikleriniň we edaralarynyň wekillerinden ybarat bolan emin agzalary taslamalary birnäçe ölçegler boýunça baha bererler. Olaryň arasynda durmuş-ykdysady şertlerde (sanly çözgütleri) ornaşdyrmagyň mümkinçiligi we derwaýyslygy, ykdysady netijeliligi, oýlap tapyşyň hili, dizaýny we ulanmak amatlylygy, aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamlaryny ösdürmekde innowasiýa usullaryny ulanmak bar.çeşme:''Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi"

21.10.2024 11:26


«Türkmenaragatnaşyk» agentligi «Türkmentel - 2024» halkara sergisine we ylmy maslahatyna gatnaşmaga çagyrýar

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda 14-16-njy noýabr aralynda telekommunikasiýa, telemetriýa, maglumatlar tehnologiýalary we tele-radio enjamlary boýunça «Türkmentel-2024» atly XVII Halkara sergisi we ylmy maslahaty geçiriler. «Türkmentel-2024» sebit boýunça maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalar ulgamyndaky iň uly çäreleriň biri bolup, ýokary tehnologiýalar, innowasiýalar we telekommunikasiýa ugry boýunça täze üstünlikleri, tejribeleri we pikirleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berýär. Halkara foruma Türkmenistandan we daşary ýurtlardan gatnaşjak alymlaryň, bilermenleriň, işewürleriň we halkara guramalaryň wekilleriniň arasynda sanly ösüş, telekommunikasiýanyň geljegi, hemra tehnologiýalary, kiberhowpsuzlyk ýaly ugurlary ösdürmekde ýetilen sepgitleri görkezmek we öňde goýlan maksatlary ara alyp maslahatlaşmak esasy wezipeleriň hatarynda durýar.çeşme:''Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi"

17.10.2024 10:00


Çapar Pay goşundysynda USSD-haýyşlaryny we gysga “Altyn Asyr” belgilerini ugradyp bolýar

“Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň Çapar Pay köpugurly gollanmasynda indi peýdaly USSD-haýyşlaryny we “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk milli operatorynyň gysga belgilerini ugradyp bolýar. Şeýlelikde, Google Play-da we App Store-da elýeterli bolan Çapar Pay goşundysynyň kömegi bilen ulanyjylar häzirki balansy barada maglumat alyp bilýärler, şeýle hem, oparatora jaň edip, gudoga derek saz goýup, gerekli dili saýlap bilýärler. Şeýle-de bu programma ulanyja amatly tarif meýilnamasyna birikmäge, dürli göwrümli internet-bukjalaryny almaga mümkinçilik berýär. Çapar Pay goşundysynyň başga mümkinçilikleriniň arasynda – jemagat hojalyk hyzmatlarynyň hasaplaşyklary, howa petekleriniň satyn alynmagy, gowy görýän hyzmatlara ýazylyşyklaryň dowam etdirilmegi we ykjam telefonuň balansynyň köpeldilmegi. Programmanyň kömegi bilen bank kartasy arkaly Belet film ýazylyşygynyň tölegini, çagalar bagynyň tölegini amala aşyrmak we Türkmenistanyň ähli edaralarynyň telefon belgileri bilen tanyşmak bolýar. Mundan başga-da, gollanma ýol-gözegçilik polisiýasynyň jerimeleiniň barlygyna gözegçilik etmek we olaryň töleglerini amala aşyrmak, Türkmenistanyň tutuş çäginde hatlaryň, iberişleriň we ýükleriň eltip berilmelerini düzetmäge mümkinçilik berýär.çeşme:''Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi"

17.10.2024 09:55


«Türkmenpoçta» bütin ýurduň çägine ekspress ýollamalar hyzmatyny ýola goýdy

«Türkmenpoçta» döwlet poçta aragatnaşyk kompaniýasy Türkmenistanyň çägine ýollamalary tiz eltip bermek maksady bilen, täze «Ekpress ýollamalar» hyzmatynyň ýola goýlandygyny habar berýär. Bu hyzmat indi ýurduň ähli howa menzillerinde elýeterlidir. «Türkmenpoçtanyň» habar bermegine görä, täze hyzmat 10 kilograma çenli ýollama ibermäge mümkinçilik berýär. Hyzmatyň bahasy birinji kilogram üçin 20 manat bolup, bu bahanyň çägine harytlaryň gaplanylyşy hem girýär. Eger ýollama 1 kilogramdan agyr bolsa, galan her kilogram üçin goşmaça 5 manat tölemelidir. «Ekpress ýollamalaryň» esasy peýdaly tarapy ýollamalaryň ony kabul edip alyja tiz ýetirilmegidir. Müşderiler howa menzilindäki poçta bölüminiň hyzmatlaryndan gije-gündiziň dowamynda peýdalanyp bilerler. Olaryň ýollamasy gerekli ýerine iň ýakyn howa gatnawy bilen ugradylar.çeşme:''Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi"

14.10.2024 10:19


Türkmenistanda howa ulaglarynyň hyzmatlarynyň göwrümi 48,3% ýokarlandy

"Türkmenhowaýollary" agentligi Türkmenistanyň ulag pudagynda ýokary ösüş görkezijilerini görkezdi, hasabat döwründe hyzmatlaryň göwrüminiň 48,3% artmagyna ýetdi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýew hökümet mejlisinde aýtdy, TDH habar berýär. Baş direktoryň aýtmagyna görä, ulag toplumynda işleriň ýerine ýetirilişi we hyzmatlaryň edilişi boýunça umumy ösüş depgini 117,2% boldy. Ulaglaryň ähli görnüşleri oňyn depgini görkezdi: ýük daşamalary 2,7%, ýolagçy daşamalary 4,2% ýokarlandy. Ýurduň beýleki ulag agentlikleri hem ähmiýetli ösüş görkezdi. "Türkmenaragatnaşyk" agentliginiň görkezijileri 14,3%, "Türkmendeňizderyaýollary" 12,8%, "Türkmenawtoýollary" 9,5%, "Türkmendemirýollary" bolsa 2,5% ýokarlandy.çeşme:''Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi"

08.10.2024 09:56


Türkmenistan OTIF guramasynyň Bernde geçirilen Baş assambleýasynyň sessiýasyna gatnaşdy

«Türkmendemirýollary» agentliginiň wekilleri OTIF — Halkara demir ýol ulaglarynda gatnawlar boýunça hökümetara guramasynyň Baş assambleýasynyň 16-njy sessiýasynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna ilkinji gezek gatnaşdylar. Ol 2024-nji ýylyň 25-26-njy sentýabry aralygynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Bern şäherinde geçirildi. Bu forumyň maksady — halkara ulag geçelgeleri arkaly eksport, import we üstaşyr ýük dolanyşygyny işjeňleşdirmekdir. Duşuşygyň dowamynda gozgalan esasy meseleleriň biri Ýewropa bilen Aziýa sebitini birleşdirýän halkara ulag geçelgeleriniň işini işjeňleşdirmek, ýüze çykýan meseleleri aradan aýyrmak we demir ýol pudagynda bar bolan halkara hukugynyň kadalaryny seljermek bilen, olaryň şertlerini ýeňilleşdirmekdir. Türkmenistanyň geografiki taýdan amatly ýerleşýändigini göz öňünde tutup, ýurdumyzyň üstünden geçýän halkara ulag geçelgeleriniň üsti bilen eksport, import we üstaşyr geçýän ýük dolanyşygyny artdyrmak maksady bilen, birnäçe gepleşikler geçirildi.çeşme:''Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi"

04.10.2024 14:48


«Sanly we «ýaşyl» ykdysadyýet — durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmegiň şerti» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi

Düýn 20-nji sentýabrda Türkmenistanyň Ykdysadyýet toplumynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli «Sanly we “ýaşyl” ykdysadyýet — durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmegiň şerti» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, maliýe düzümleriniň, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Häzirki wagtda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» amala aşyrmak bilen bagly işler maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalar binýady berkidildi, edara-kärhanalaryň, guramalaryň sanly ykdysadyýete tapgyrlaýyn esasda geçmegi üpjün edildi we olaryň maddy-tehniki binýady döwrebaplaşdyryldy. Sanly ykdysadyýetiň ösýän şertlerinde tejribeli milli hem halkara bilermenleri işe çekmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna energiýa tygşytlaýjy we ekologik taýdan arassa tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça milli maksatnamalaryň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Alnyp barylýan döwlet syýasatynyň çäklerinde orta we uzak möhletleýin döwür üçin «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmäge, ekologik taýdan kabul ederlikli tehnologiýalary ornaşdyrmaga, daşky gurşawy goramak babatda innowasion çözgütleri işläp taýýarlamaga aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen birlikde, sanly tehnologiýalaryň, «ýaşyl» başlangyçlaryň utgaşdyrylmagynyň hem zerur bolup durýandygyny nygtamak gerek. Bu ugurdaky işleriň üstünlikli mysaly hökmünde türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen binýat bolan Arkadag şäherini görkezmek bolar. Bu şäheriň gurluşygynda «akylly» şäher konsepsiýasy we daşky gurşawa zyýanyň iň pes derejesini üpjün etmek çemeleşmesi gurluşyk serişdelerini öndürmek döwründen başlap, tä desgalary ulanmaga tabşyrmaga çenli ähli tapgyrlarda durmuşa geçirildi.ÇEŞME:агентство "туркменховаеллары"

23.09.2024 11:25


Raýat awiasiýasy pudagynyň hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça işler dowam etdirilýär

Düýn Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi. Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew raýat awiasiýasy pudagynyň hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. ÇEŞME:агентство "туркменховаеллары"

16.09.2024 12:03


Ulag-kommunikasiýa pudagynyň kadalaşdyryjy hukuk binýady berkidilýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow düýn sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirip, onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew döwrüň talaplaryna laýyklykda, ulag-kommunikasiýa toplumynyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda zerur çäreleriň görülýändigi habar berildi hem-de döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa pudagynyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny döwrüň talabyna laýyk getirmegiň möhüm bolup durýandygyny belledi we hödürlenen teklibi goldap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
ÇEŞME:“Türkmenhowaýollary” agentligi

09.09.2024 10:05


Halkara raýat awiasiýa guramasy (ICAO) bilen bilelikde «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde nazaryýet okuwy geçiriler

2024-nji ýylyň 30-njy sentýabry — 18-nji oktýabry aralygynda Halkara raýat awiasiýa guramasy (ICAO) bilen bilelikde gurnalýan “Uçuşlaryň Howpsuzlygy boýunça Döwlet inspektory – hünärmenlere şahadatnama bermek” okuw maksatnamasy esasynda, «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde nazaryýet okuwy geçiriler.ÇEŞME:агентство "туркменховаеллары"

03.09.2024 17:37


MNB 680

MNG airlines kompaniýanyň A-332 uçary Türkmenabat halkara howa menziline tehniki gonuşy ýerine ýetirdi.

03.09.2024 16:31


«Türkmenistan» awiakompaniýasy halkara uçuşlaryň täze meýilnamasyny mälim etdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy şu ýylyň 27-nji oktýabryna çenli halkara uçuşlaryň täze meýilnamasyny mälim etdi. Şeýlelikde, awiakompaniýa dünýäniň 12 uly şäherine uçuşlary amala aşyrar.
Täze meýilnama laýyklykda, Aşgabatdan dürli ýurtlaryň şäherlerine uçuşlar dürli ýygylyklarda amala aşyrylar.
Hepdede 2 gezek: Dubaý (BAE), Jidda (Saud Arabystany), Pekin (Hytaý), Bangkok (Tailand), Hoşimin (Wýetnam), Kuala-Lumpur (Malaýziýa), London (Angliýa), Maýn boýundaky Frankfurt (Germaniýa), Milan (Italiýa) şäherlerine, şeýle hem hepdede bir gezek Abu Dabi (BAE) şäherine uçuşlar bolar.
Mundan başga-da hepdede 5 gezek Stambul (Türkiye) şäherine, hepdede 6 gezek bolsa Moskwa (Russiýa) şäherine uçuşlar amala aşyrylar.çeşme:агентство "туркменховаеллары"

26.08.2024 17:46


MNB 500

MNG airlines kompaniýanyň A-330 uçary Türkmenabat halkara howa menziline tehniki gonuşy ýerine ýetirdi.

15.08.2024 06:29


TÜRKMENISTANYŇ ÇÄGINDÄKI DÜRLI UGURLARA UÇUŞLARYŇ TERTIBI TÄZELENDI

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2024-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap Türkmenistanyň çägindäki dürli ugurlara uçuşlaryň tertibini täzeledi. Meýilnamada görkezilişi ýaly, Aşgabatdan Türkmenbaşy, Daşoguz, Türkmenabat, Mary we Kerki ýaly şäherlere gündelik uçuşlar ýola goýuldy. Mundan başga-da, Daşoguzdan Türkmenbaşy, Mary we Türkmenabat şäherlerine, şeýle hem Türkmenabat — Türkmenbaşy, Mary — Türkmenbaşy ýaly yzygiderli gatnawlar amala aşyrylar. Degişli meýilnama has giňişleýin görnüşde «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi web-saýtynda çap edildi.çeşme:агентство "туркменховаеллары"

12.08.2024 09:33


MNB680

MNG airlines kompaniýanyň A-330 uçary Türkmenabat halkara howa menziline tehniki gonuşy ýerine ýetirdi.

04.08.2024 12:20


GEL-902

GeoSKY airlines kompaniýanyň B-742 200 uçary Türkmenabat halkara howa menziline tehniki gonuşy ýerine ýetirdi.

30.07.2024 08:28


«Türkmenistan» awiakompaniýasy halkara uçuşlaryň meýilnamasyny täzeledi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy şu ýylyň 27-nji oktýabryna çenli halkara uçuşlaryň täze meýilnamasyny mälim etdi. Şeýlelikde, awiakompaniýa dünýäniň 12 uly şäherine uçuşlary amala aşyrar. Täze meýilnama laýyklykda, Aşgabatdan dürli ýurtlaryň şäherlerine uçuşlar dürli ýygylyklarda amala aşyrylar Hepdede 2 gezek: Dubaý (BAE), Jidda (Saud Arabystany), Pekin (Hytaý), Bangkok (Tailand), Hoşimin (Wýetnam), Kuala-Lumpur (Malaýziýa), London (Angliýa), Maýn boýundaky Frankfurt (Germaniýa), Milan (Italiýa) şäherlerine, şeýle hem hepdede bir gezek Abu Dabi (BAE) şäherine uçuşlar bolar. Mundan başga-da hepdede 5 gezek Stambul (Türkiye) şäherine, hepdede 6 gezek bolsa Moskwa (Russiýa) şäherine uçuşlar amala aşyrylar. çeşme:ASHGABAT INTERNATIONAL AIRPORT

29.07.2024 17:07


HALKARA RAÝAT AWIASIÝA GURAMASY (ICAO) BILEN BILELIKDE «TÜRKMENHOWAÝOLLARY» AGENTLIGINIŇ HOWA ULAGLARYNYŇ IŞGÄRLERINI TAÝÝARLAÝAN MEKDEBINDE NAZARYÝET OKUWY GEÇIRILER

çeşme:агентство "туркменховаеллары"

24.07.2024 13:40


HORMAT HATY!

Türkmenabat halkara howa menzili Türkmenistanyň Ulag we kommunikasiýalar toplumynyň pudaklarynyň arasynda 2024-nji ýylyň ýarym ýylynyň jemi boýunça ykdysady taýdan ýokary ösüş netijelerini gazanyp, tapawutlanandygy üçin hormat haty bilen sylaglanyldy.

17.07.2024 15:24