Täzelikler
Türkmenistan «Orta Wolga – Hazar deňzi» atly halkara söwda-logistika forumyna gatnaşar
Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Orta Wolga – Hazar deňzi» atly halkara söwda-logistika forumyna gatnaşarlar. Bu çäre «Russiýada işewür ýagdaýy» atly işewür forumyň çäginde 5-6-njy dekabrda Russiýa Federasiýasynyň Ulýanowsk şäherinde geçiriler. Forum Ulýanowsk şäheriniň hökümeti we «Afanasiý Nikitin» assosiasiýasy tarapyndan guralýar. Foruma gatnaşýanlaryň arasynda öňdebaryjy logistika we ulag kompaniýalary, şol sanda deňiz, demir ýol, derýa ýol gatnawyny hem-de günorta ýurtlaryna howa gatnawyny üpjün edýän; gämi eýeleriniň, port we demir ýol terminallaryny dolandyryjylaryň, şeýle hem serhetara maliýe logistikasy bilen meşgullanýan kompaniýalaryň wekilleri bar. Forum Russiýa bilen Hazar sebiti ýurtlarynyň arasynda söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir..ÇEŞME:агентство "туркменховаеллары"
15.11.2024 15:16
Aşgabatda maglumat tehnologiýasy pudagynyň iň uly halkara çäreleriniň biri geçiriler
14 –16-njy noýabr aralygynda Aşgabatda maglumat tehnologiýasy pudagyndaky iň uly halkara çäreleriň biri – XVII halkara sergi we «Türkmentel-2024» atly ylmy maslahat geçiriler. Bu çäre dünýäniň öňdebaryjy hünärmenlerini, programma üpjünçiligini döredijileri we telekommunikasiýa enjamlaryny öndürijileri bir ýere jemlemek we tejribe alyşmak üçin möhüm platforma bolar. Çärede aşakdaky ugurlara we bölümlere aýratyn üns berler: Innowasiýa sergisi: gatnaşanlar sanly ykdysadyýetdäki, kiberhowpsuzlyk, hemra aragatnaşygy we 5G-niň soňky ösüşlerini hödürlärler. Tejribe alyşmak: forum telekommunikasiýa, sanly üýtgeşmeler we kiberhowpsuzlyk ösüşindäki häzirki meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin platforma bolar. Okuw maksatnamalary: maslahatda poçta ulgamyny sanlylaşdyrmak ýaly häzirki mowzuklar boýunça seminarlar bolar..ÇEŞME:агентство "туркменховаеллары"
13.11.2024 13:57
Türkmenistanda ITTC-2024 ulag-üstaşyr geçelgeleri boýunça iň uly halkara maslahat geçiriler
40 ýurtdan 600-den gowrak wekiliýet 2024-nji ýylyň 26-27-nji noýabrynda Aşgabatda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş-2024» (ITTC-2024) atly 3-nji halkara maslahata we sergä gatnaşmak üçin ýygnanar. Wekiliýetleriň düzümine halkara we milli kompaniýalaryň, iri guramalaryň hem-de hökümet bölümleriniň wekilleri girer.ITTC-2024 maslahaty Bütindünýä durnukly ulag gününiň çäklerinde geçiriler. Bu çäre Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi tarapyndan «Belli» hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda guralýar.çeşme:''Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi"
12.11.2024 14:41
Ulag pudagynda ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 119,1 göterime deň boldy
Noýabryň 8-ne hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 119,1 göterime deň boldy. Ýanwar — oktýabr aýlarynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini 103,3 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 104,3 göterime barabar boldy. Geçen on aýda “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 102,8 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 110 göterime, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 154,5 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 114 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça 114,6 göterime deň boldy.ÇEŞME:агентство "туркменховаеллары"
11.11.2024 10:18
«Turkish Airlines» innowasion üstünlikleri üçin abraýly «Inovalig» baýragynda ilkinji üçlüge girdi
Türkiýäniň «Turkish Airlines» awiakomaniýasy Türkiýäniň Eksportçylar Assambleýasy (TİM) tarapyndan her ýyl guralýan «İnovalig» bäsleşiginde uly üstünlik gazandy. Awiakompaniýa awiasiýa pudagynda öňdebaryjy tehnologiýalary we durnukly çözgütleri ornaşdyrmagy maksat edinýändigini tassyklap, «Innowasiýalaryň durmuş aýlawy» ugry boýunça baýrakly orunlaryň birini eýeledi.çeşme:''Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi"
04.11.2024 15:59
«Türkmentel — 2024» atly XVII halkara sergini hem-de ylmy maslahaty geçirmäge uly taýýarlyk görülýär
Noýabryň 1-ne hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew şu ýylyň 14 — 16-njy noýabry aralygynda «Türkmentel — 2024» atly XVII halkara sergini hem-de ylmy maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.ÇEŞME:агентство "туркменховаеллары"
03.11.2024 13:24
Türkmenistanda täze wagon abatlaýyş zawodyny gurmak meýilleşdirilýär
«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda demir ýol wagonlaryny abatlaýyş zawodynyň taslamasyny düzmek hem doly taýýar derejede gurmak, şol sanda onuň ýanaşyk çägini abadanlaşdyrmak boýunça açyk görnüşli halkara tender-bäsleşigini yglan etdi. Bu barada «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär.çeşme:''Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi"
31.10.2024 11:01
«Turkish Airlines» 2025-nji ýylyň ýazyna çenli Aşgabat bilen Stambulyň arasyndaky howa gatnawlarynyň nyrhnamalaryny täzeledi
Türkiýäniň «Turkish Airlines» milli awiakompaniýasy 2025-nji ýylyň aprel aýyna çenli döwür üçin Aşgabat — Stambul — Aşgabat gatnaw ugry boýunça awiapetekleriň täzelenen bahalarynyň sanawyny hödürledi. Täze nyrhnama laýyklykda, ekonom-klass derejesinde Aşgabatdan Stambula gitmegiň we gaýdyp gelmegiň bahasy 500 dollardan başlaýar. Munuň tersine, has takygy, Stambuldan Aşgabada gelmegiň we gaýdyp gitmegiň bahasy 720 ABŞ dollaryndan başlaýar. Diňe birtaraplaýyn uçuşy meýilleşdirýän ýolagçylar üçin bolsa awiakompaniýa awiapetekleri şu aşakda görkezilen bahalardan hödürleýär: Nyrhlar Aşgabatdan Stambula — 302 ABŞ dollaryndan, Stambuldan Aşgabada — 388 ABŞ dollaryndan başlanýar. Has oňaýly uçuş syýahatyny amala aşyrmak isleýänler üçin (biznes-klass) ikitaraplaýyn uçuşyň peteginiň bahasy — 1250 dollar. «Turkish Airlines» häzirki wagtda Aşgabat bilen Stambulyň arasynda hepdede 11 howa gatnawyny amala aşyrýar we Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasynda durnukly howa aragatnaşygyny üpjün edýär. «Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň Aşgabat şäherindäki satuw ofisi şu salgyda ýerleşýär: G.Kulyýew köçesi, 39-njy jaý, «Ussat» binasy. Habarlaşmak üçin: elektron poçta salgysy: askabatbiletsatis@thy.com; telefon belgisi: (+993 61) 01 44 33.çeşme:''Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi"
31.10.2024 10:56
GEL-902
GeoSKY airlines kompaniýanyň B-742 200 uçary Türkmenabat halkara howa menziline tehniki gonuşy ýerine ýetirdi.
30.10.2024 12:21
«Belawiýa» Türkmenbaşy bilen Minskiň arasyndaky uçuşlaryň sanyny köpeldýär
Belarusyň «Belawiýa» awiakompaniýasy Türkmenbaşy şäheri bilen Minsk şäheriniň arasyndaky uçuşlaryň sanyny artdyrýar. Kompaniýanyň Metbugat gullugynyň habaryna görä, 23-nji noýabrdan «Belawiýanyň» uçary Minsk — Türkmenbaşy ugrunda hepdede iki gezek, ýagny sişenbe we şenbe günlerinde uçuşlary amala aşyrar. Iş tertibine görä, şenbe güni uçar Minskden sagat 9:30-da uçup, ýerli wagt bilen 15:35-de Türkmenbaşy şäherine geler. Sişenbe güni uçar Belarusyň paýtagtyndan 22:45-de ugur alar we ertesi gün 04:50-de Türkmenbaşy şäherine geler. Uçuşlar «Embraer-195» uçarynda amala aşyrylar we uçuşyň dowamlylygy 4 sagat 5 minut bolar. Ýolagçylar petekleriň bahasy barada howa gatnawçysynyň resmi web sahypasyndan maglumat alyp bilerler.çeşme:''Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi"
30.10.2024 11:38
Paýtagtymyzda “Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri” atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy geçiriler
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda öňdebaryjy innowasion çözgütleri durmuşa geçirmegiň we milli innowasiýa ulgamyny ösdürmegiň aýratynlyklarynyň amaly meselelerini ara alyp maslahatlaşmak hem-de Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek barada gazanylan ylalaşygy ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna 2024-nji ýylyň 26-27-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde “Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri” atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumynyň guramaçylykly we ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary forumy guramaçylykly geçirmekde Ylymlar akademiýasyna ýardam bermäge borçly edildi.çeşme:агентство "туркменховаеллары"
28.10.2024 08:52
«Türkmenhowaýollary» agentligi Halkara raýat awiasiýa guramasy (ICAO) bilen bilelikdäki okuw maksatnamasynyň çäginde halkara nazaryýet okuwyny geçirdi
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň raýat awiasiýa pudagy üçin halkara derejesindäki hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn ähmiýet berlip, bu ugurda adam maýasyny emele getirmekdäki döwlet goldawy howa ulaglary pudagyny mundan beýläkde ösdürmäge uly itergi berýär. Häzirki wagtda «Türkmenhowaýollary» agentliginiň işgärleriniň hünär derejelerini halkara derejelerine ýetirmek bilen bagly, halkara guramalary hem-de iri daşary ýurt awiakompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda türkmen tarapynyň başlangyjy esasynda, Halkara raýat awiasiýa guramasy (IСAO) bilen bilelikde gurnalan «Uçuşlaryň howpsuzlygy boýunça Döwlet inspektory-hünärmenlere şahadatnama bermek» atly okuw maksatnamasy boýunça «Türkmenhowaýollary» agentliginiň we sebitde gyzyklanma bildiren taraplaryň, ýagny, Gyrgyzystan, Gazagystan respublikalarynyň raýat awiasiýa çygryndaky ygtyýarly edaralarynyň hünärmenlerine «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň binýadynda 2024-nji ýylyň 30-njy sentýabrdan 18-nji oktýabr aralygynda nazaryýet okuwy geçirildi.ÇEŞME:агентство "туркменховаеллары"
25.10.2024 15:32
Türkmenistan demir ýol ulagy pudagyny döwrebaplaşdyrýar
Sanly ulgam arkaly 18-nji oktýabrda geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Türkmenistanyň demir ýol ulaglary pudagynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Bu barada TDH ýazýar. Hasabatda bellenilişi ýaly, Türkmenistany 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident maksatnamasynda demir ýol ulagy pudagyny döwrebaplaşdyrmak, elektrikleşdirmek, dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de hünärmenleri taýýarlamak işleri göz öňünde tutulyp, bu ugurda zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.çeşme:''Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi"
21.10.2024 11:35
"Sanly çözgüt - 2024" bäsleşiginiň saýlama tapgyry başlady
"Sanly çözgüt - 2024" innowasiýa taslamalarynyň bäsleşiginiň saýlama tapgyry başlady. Çäre "Türkmenaragatnaşyk" agentliginiň binasynda geçirilýär we programma üpjünçiligini, ylmy açyşlary we oýlap tapyşlary işläp düzýän zehinli ýaşlary goldamaga gönükdirilendir. Bäsleşik ýedi ugur boýunça geçirilýär: emeli aň, robotlaryň tehnikasy we awtomatizasiýa, akylly oba hojalyk tehnologiýalary, "Akylly şäher", bilim we elektron okuw, sanly lukmançylyk we hyzmat ediş ulgamy. Degişli ministrlikleriniň we edaralarynyň wekillerinden ybarat bolan emin agzalary taslamalary birnäçe ölçegler boýunça baha bererler. Olaryň arasynda durmuş-ykdysady şertlerde (sanly çözgütleri) ornaşdyrmagyň mümkinçiligi we derwaýyslygy, ykdysady netijeliligi, oýlap tapyşyň hili, dizaýny we ulanmak amatlylygy, aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamlaryny ösdürmekde innowasiýa usullaryny ulanmak bar.çeşme:''Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi"
21.10.2024 11:26
«Türkmenaragatnaşyk» agentligi «Türkmentel - 2024» halkara sergisine we ylmy maslahatyna gatnaşmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda 14-16-njy noýabr aralynda telekommunikasiýa, telemetriýa, maglumatlar tehnologiýalary we tele-radio enjamlary boýunça «Türkmentel-2024» atly XVII Halkara sergisi we ylmy maslahaty geçiriler. «Türkmentel-2024» sebit boýunça maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalar ulgamyndaky iň uly çäreleriň biri bolup, ýokary tehnologiýalar, innowasiýalar we telekommunikasiýa ugry boýunça täze üstünlikleri, tejribeleri we pikirleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berýär. Halkara foruma Türkmenistandan we daşary ýurtlardan gatnaşjak alymlaryň, bilermenleriň, işewürleriň we halkara guramalaryň wekilleriniň arasynda sanly ösüş, telekommunikasiýanyň geljegi, hemra tehnologiýalary, kiberhowpsuzlyk ýaly ugurlary ösdürmekde ýetilen sepgitleri görkezmek we öňde goýlan maksatlary ara alyp maslahatlaşmak esasy wezipeleriň hatarynda durýar.çeşme:''Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi"
17.10.2024 10:00
Çapar Pay goşundysynda USSD-haýyşlaryny we gysga “Altyn Asyr” belgilerini ugradyp bolýar
“Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň Çapar Pay köpugurly gollanmasynda indi peýdaly USSD-haýyşlaryny we “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk milli operatorynyň gysga belgilerini ugradyp bolýar. Şeýlelikde, Google Play-da we App Store-da elýeterli bolan Çapar Pay goşundysynyň kömegi bilen ulanyjylar häzirki balansy barada maglumat alyp bilýärler, şeýle hem, oparatora jaň edip, gudoga derek saz goýup, gerekli dili saýlap bilýärler. Şeýle-de bu programma ulanyja amatly tarif meýilnamasyna birikmäge, dürli göwrümli internet-bukjalaryny almaga mümkinçilik berýär. Çapar Pay goşundysynyň başga mümkinçilikleriniň arasynda – jemagat hojalyk hyzmatlarynyň hasaplaşyklary, howa petekleriniň satyn alynmagy, gowy görýän hyzmatlara ýazylyşyklaryň dowam etdirilmegi we ykjam telefonuň balansynyň köpeldilmegi. Programmanyň kömegi bilen bank kartasy arkaly Belet film ýazylyşygynyň tölegini, çagalar bagynyň tölegini amala aşyrmak we Türkmenistanyň ähli edaralarynyň telefon belgileri bilen tanyşmak bolýar. Mundan başga-da, gollanma ýol-gözegçilik polisiýasynyň jerimeleiniň barlygyna gözegçilik etmek we olaryň töleglerini amala aşyrmak, Türkmenistanyň tutuş çäginde hatlaryň, iberişleriň we ýükleriň eltip berilmelerini düzetmäge mümkinçilik berýär.çeşme:''Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi"
17.10.2024 09:55
«Türkmenpoçta» bütin ýurduň çägine ekspress ýollamalar hyzmatyny ýola goýdy
«Türkmenpoçta» döwlet poçta aragatnaşyk kompaniýasy Türkmenistanyň çägine ýollamalary tiz eltip bermek maksady bilen, täze «Ekpress ýollamalar» hyzmatynyň ýola goýlandygyny habar berýär. Bu hyzmat indi ýurduň ähli howa menzillerinde elýeterlidir. «Türkmenpoçtanyň» habar bermegine görä, täze hyzmat 10 kilograma çenli ýollama ibermäge mümkinçilik berýär. Hyzmatyň bahasy birinji kilogram üçin 20 manat bolup, bu bahanyň çägine harytlaryň gaplanylyşy hem girýär. Eger ýollama 1 kilogramdan agyr bolsa, galan her kilogram üçin goşmaça 5 manat tölemelidir. «Ekpress ýollamalaryň» esasy peýdaly tarapy ýollamalaryň ony kabul edip alyja tiz ýetirilmegidir. Müşderiler howa menzilindäki poçta bölüminiň hyzmatlaryndan gije-gündiziň dowamynda peýdalanyp bilerler. Olaryň ýollamasy gerekli ýerine iň ýakyn howa gatnawy bilen ugradylar.çeşme:''Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi"
14.10.2024 10:19
Türkmenistanda howa ulaglarynyň hyzmatlarynyň göwrümi 48,3% ýokarlandy
"Türkmenhowaýollary" agentligi Türkmenistanyň ulag pudagynda ýokary ösüş görkezijilerini görkezdi, hasabat döwründe hyzmatlaryň göwrüminiň 48,3% artmagyna ýetdi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýew hökümet mejlisinde aýtdy, TDH habar berýär. Baş direktoryň aýtmagyna görä, ulag toplumynda işleriň ýerine ýetirilişi we hyzmatlaryň edilişi boýunça umumy ösüş depgini 117,2% boldy. Ulaglaryň ähli görnüşleri oňyn depgini görkezdi: ýük daşamalary 2,7%, ýolagçy daşamalary 4,2% ýokarlandy. Ýurduň beýleki ulag agentlikleri hem ähmiýetli ösüş görkezdi. "Türkmenaragatnaşyk" agentliginiň görkezijileri 14,3%, "Türkmendeňizderyaýollary" 12,8%, "Türkmenawtoýollary" 9,5%, "Türkmendemirýollary" bolsa 2,5% ýokarlandy.çeşme:''Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi"
08.10.2024 09:56
Türkmenistan OTIF guramasynyň Bernde geçirilen Baş assambleýasynyň sessiýasyna gatnaşdy
«Türkmendemirýollary» agentliginiň wekilleri OTIF — Halkara demir ýol ulaglarynda gatnawlar boýunça hökümetara guramasynyň Baş assambleýasynyň 16-njy sessiýasynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna ilkinji gezek gatnaşdylar. Ol 2024-nji ýylyň 25-26-njy sentýabry aralygynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Bern şäherinde geçirildi. Bu forumyň maksady — halkara ulag geçelgeleri arkaly eksport, import we üstaşyr ýük dolanyşygyny işjeňleşdirmekdir. Duşuşygyň dowamynda gozgalan esasy meseleleriň biri Ýewropa bilen Aziýa sebitini birleşdirýän halkara ulag geçelgeleriniň işini işjeňleşdirmek, ýüze çykýan meseleleri aradan aýyrmak we demir ýol pudagynda bar bolan halkara hukugynyň kadalaryny seljermek bilen, olaryň şertlerini ýeňilleşdirmekdir. Türkmenistanyň geografiki taýdan amatly ýerleşýändigini göz öňünde tutup, ýurdumyzyň üstünden geçýän halkara ulag geçelgeleriniň üsti bilen eksport, import we üstaşyr geçýän ýük dolanyşygyny artdyrmak maksady bilen, birnäçe gepleşikler geçirildi.çeşme:''Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi"
04.10.2024 14:48
«Sanly we «ýaşyl» ykdysadyýet — durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmegiň şerti» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi
Düýn 20-nji sentýabrda Türkmenistanyň Ykdysadyýet toplumynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli «Sanly we “ýaşyl” ykdysadyýet — durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmegiň şerti» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, maliýe düzümleriniň, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Häzirki wagtda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» amala aşyrmak bilen bagly işler maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalar binýady berkidildi, edara-kärhanalaryň, guramalaryň sanly ykdysadyýete tapgyrlaýyn esasda geçmegi üpjün edildi we olaryň maddy-tehniki binýady döwrebaplaşdyryldy. Sanly ykdysadyýetiň ösýän şertlerinde tejribeli milli hem halkara bilermenleri işe çekmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna energiýa tygşytlaýjy we ekologik taýdan arassa tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça milli maksatnamalaryň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Alnyp barylýan döwlet syýasatynyň çäklerinde orta we uzak möhletleýin döwür üçin «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmäge, ekologik taýdan kabul ederlikli tehnologiýalary ornaşdyrmaga, daşky gurşawy goramak babatda innowasion çözgütleri işläp taýýarlamaga aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen birlikde, sanly tehnologiýalaryň, «ýaşyl» başlangyçlaryň utgaşdyrylmagynyň hem zerur bolup durýandygyny nygtamak gerek. Bu ugurdaky işleriň üstünlikli mysaly hökmünde türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen binýat bolan Arkadag şäherini görkezmek bolar. Bu şäheriň gurluşygynda «akylly» şäher konsepsiýasy we daşky gurşawa zyýanyň iň pes derejesini üpjün etmek çemeleşmesi gurluşyk serişdelerini öndürmek döwründen başlap, tä desgalary ulanmaga tabşyrmaga çenli ähli tapgyrlarda durmuşa geçirildi.ÇEŞME:агентство "туркменховаеллары"
23.09.2024 11:25