Lachyn

TÜRKMENABAT HALKARA
HOWA MENZILI

HALKARA PARAHATÇYLYK WE
YNANYŞMAK ÝYLY

2024-nji ýylyň şygary

Täzelikler

Raýat awiasiýasy pudagynyň hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça işler dowam etdirilýär

Düýn Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi. Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew raýat awiasiýasy pudagynyň hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. ÇEŞME:агентство "туркменховаеллары"

16.09.2024 12:03


Ulag-kommunikasiýa pudagynyň kadalaşdyryjy hukuk binýady berkidilýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow düýn sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirip, onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew döwrüň talaplaryna laýyklykda, ulag-kommunikasiýa toplumynyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda zerur çäreleriň görülýändigi habar berildi hem-de döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa pudagynyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny döwrüň talabyna laýyk getirmegiň möhüm bolup durýandygyny belledi we hödürlenen teklibi goldap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
ÇEŞME:“Türkmenhowaýollary” agentligi

09.09.2024 10:05


Halkara raýat awiasiýa guramasy (ICAO) bilen bilelikde «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde nazaryýet okuwy geçiriler

2024-nji ýylyň 30-njy sentýabry — 18-nji oktýabry aralygynda Halkara raýat awiasiýa guramasy (ICAO) bilen bilelikde gurnalýan “Uçuşlaryň Howpsuzlygy boýunça Döwlet inspektory – hünärmenlere şahadatnama bermek” okuw maksatnamasy esasynda, «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde nazaryýet okuwy geçiriler.ÇEŞME:агентство "туркменховаеллары"

03.09.2024 17:37


MNB 680

MNG airlines kompaniýanyň A-332 uçary Türkmenabat halkara howa menziline tehniki gonuşy ýerine ýetirdi.

03.09.2024 16:31


«Türkmenistan» awiakompaniýasy halkara uçuşlaryň täze meýilnamasyny mälim etdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy şu ýylyň 27-nji oktýabryna çenli halkara uçuşlaryň täze meýilnamasyny mälim etdi. Şeýlelikde, awiakompaniýa dünýäniň 12 uly şäherine uçuşlary amala aşyrar.
Täze meýilnama laýyklykda, Aşgabatdan dürli ýurtlaryň şäherlerine uçuşlar dürli ýygylyklarda amala aşyrylar.
Hepdede 2 gezek: Dubaý (BAE), Jidda (Saud Arabystany), Pekin (Hytaý), Bangkok (Tailand), Hoşimin (Wýetnam), Kuala-Lumpur (Malaýziýa), London (Angliýa), Maýn boýundaky Frankfurt (Germaniýa), Milan (Italiýa) şäherlerine, şeýle hem hepdede bir gezek Abu Dabi (BAE) şäherine uçuşlar bolar.
Mundan başga-da hepdede 5 gezek Stambul (Türkiye) şäherine, hepdede 6 gezek bolsa Moskwa (Russiýa) şäherine uçuşlar amala aşyrylar.çeşme:агентство "туркменховаеллары"

26.08.2024 17:46


MNB 500

MNG airlines kompaniýanyň A-330 uçary Türkmenabat halkara howa menziline tehniki gonuşy ýerine ýetirdi.

15.08.2024 06:29


TÜRKMENISTANYŇ ÇÄGINDÄKI DÜRLI UGURLARA UÇUŞLARYŇ TERTIBI TÄZELENDI

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2024-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap Türkmenistanyň çägindäki dürli ugurlara uçuşlaryň tertibini täzeledi. Meýilnamada görkezilişi ýaly, Aşgabatdan Türkmenbaşy, Daşoguz, Türkmenabat, Mary we Kerki ýaly şäherlere gündelik uçuşlar ýola goýuldy. Mundan başga-da, Daşoguzdan Türkmenbaşy, Mary we Türkmenabat şäherlerine, şeýle hem Türkmenabat — Türkmenbaşy, Mary — Türkmenbaşy ýaly yzygiderli gatnawlar amala aşyrylar. Degişli meýilnama has giňişleýin görnüşde «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi web-saýtynda çap edildi.çeşme:агентство "туркменховаеллары"

12.08.2024 09:33


MNB680

MNG airlines kompaniýanyň A-330 uçary Türkmenabat halkara howa menziline tehniki gonuşy ýerine ýetirdi.

04.08.2024 12:20


GEL-902

GeoSKY airlines kompaniýanyň B-742 200 uçary Türkmenabat halkara howa menziline tehniki gonuşy ýerine ýetirdi.

30.07.2024 08:28


«Türkmenistan» awiakompaniýasy halkara uçuşlaryň meýilnamasyny täzeledi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy şu ýylyň 27-nji oktýabryna çenli halkara uçuşlaryň täze meýilnamasyny mälim etdi. Şeýlelikde, awiakompaniýa dünýäniň 12 uly şäherine uçuşlary amala aşyrar. Täze meýilnama laýyklykda, Aşgabatdan dürli ýurtlaryň şäherlerine uçuşlar dürli ýygylyklarda amala aşyrylar Hepdede 2 gezek: Dubaý (BAE), Jidda (Saud Arabystany), Pekin (Hytaý), Bangkok (Tailand), Hoşimin (Wýetnam), Kuala-Lumpur (Malaýziýa), London (Angliýa), Maýn boýundaky Frankfurt (Germaniýa), Milan (Italiýa) şäherlerine, şeýle hem hepdede bir gezek Abu Dabi (BAE) şäherine uçuşlar bolar. Mundan başga-da hepdede 5 gezek Stambul (Türkiye) şäherine, hepdede 6 gezek bolsa Moskwa (Russiýa) şäherine uçuşlar amala aşyrylar. çeşme:ASHGABAT INTERNATIONAL AIRPORT

29.07.2024 17:07


HALKARA RAÝAT AWIASIÝA GURAMASY (ICAO) BILEN BILELIKDE «TÜRKMENHOWAÝOLLARY» AGENTLIGINIŇ HOWA ULAGLARYNYŇ IŞGÄRLERINI TAÝÝARLAÝAN MEKDEBINDE NAZARYÝET OKUWY GEÇIRILER

çeşme:агентство "туркменховаеллары"

24.07.2024 13:40


HORMAT HATY!

Türkmenabat halkara howa menzili Türkmenistanyň Ulag we kommunikasiýalar toplumynyň pudaklarynyň arasynda 2024-nji ýylyň ýarym ýylynyň jemi boýunça ykdysady taýdan ýokary ösüş netijelerini gazanyp, tapawutlanandygy üçin hormat haty bilen sylaglanyldy.

17.07.2024 15:24


«TÜRKMENHOWAÝOLLARY» AGENTLIGI KUALA-LUMPUR ŞÄHERINE ÝOLAGÇY GATNAWYNY ARTDYRÝAR

«Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan häzirki wagtda reje boýunça ýerine ýetirilýän ýolagçy halkara gatnawlaryna islegler yzygiderli artýar. ÇEŞME:агентство "туркменховаеллары"

28.06.2024 15:50


“TÜRKMENHOWAÝOLLARY” AGENTLIGI BÄSLEŞIK YGLAN EDÝÄR

ÇEŞME:агентство "туркменховаеллары"

03.06.2024 15:58


Hormatly ýolagçylar!

Hormatly ýolagçylar! «Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýerine ýetirilýän Aşgabat – Kazan – Aşgabat ugry boýunça gatnawlaryň 2024-nji ýylyň 2-nji iýunyndan başlap ýatyrylýandygyny barada Size habar berýäris.
Russiýa Federasiýasyna uçuşlar Aşgabat – Moskwa – Aşgabat ugurlary boýunça amala aşyrylar. Aşgabat – Kazan – Aşgabat ugry boýunça alynan awiabiletleriňizi Aşgabat – Moskwa – Aşgabat ugryna ulanyp biljekdiňiz barada Size habar berýäris.
çeşme:«Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti

03.06.2024 10:54


«TULM» AGPJ-niň gurnamagynda «MNG Airlines» Türkmenbaşy Halkara howa menzilinden multimodal gatnawy amala aşyrdy

2024-nji ýylyň 14-nji maýynda «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň gurnamagynda Stambul şäherinden gelýän ýükleri «MNG Havayollari ve Taşimaçilik A.Ş.» kompaniýasynyň howa gämilerinden düşürip, Türkmenbaşy Halkara howa menzilinden awtoulaglara geçirip multimodal görnüşde Gazagystan Respublikasynyň Aktobe şäherine ugradyldyЮ
ÇEŞME:Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi"

16.05.2024 16:01


MNB-1340

MNG airlines kompaniýanyň A-330 uçary Türkmenabat halkara howa menziline tehniki gonuşy ýerine ýetirdi.

10.05.2024 09:55


Tehniki gonuşlar.

Türkmenabat halkara howa menziline GeoSKY, MNG awiakompaniýalarynyň tehniki gonuşlary yzygiderli dowam etýär.

09.05.2024 14:39


Hormatly ýolagçylar!

"Türkmenhowaýollary" agentliginiň Türkmenistan awiakompaniýasynyň AGPJ-i tarapyndan 01.06.2024ý. seneden şu aşakdaky ugurlar boýunça göni gatnawlaryň ýola goýulandygyny Size habar berýäris.
Türkmenabat-Daşoguz-Türkmenabat
Türkmenabat-Türkmenbaşy-Türkmenabat
Goşmaça maglumat almak üçin : Tel: +993 422 9-46-00; +993 422 9-46-47; (7/24)

06.05.2024 09:35


Açyk görnüşli bäsleşik

"TÜRKMENHOWAÝOLLARY" AGENTLIGINIŇ TÜRKMENABAT HALKARA HOWA MENZILINIŇ toplumynda oturdylan wideogözegçilik ulgamyny hemişe işjeň ýagdaýda saklamak we olara ygtybarly hünärmenler tarapyndan wagtly-wagtynda tehniki hyzmatlaryny ýerine ýetirijini saýlamak boýunça AÇYK GÖRNÜŞLI BÄSLEŞIK yglan edýär.Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz : +993 422 9-47-03;+993 422 9-46-78

18.04.2024 12:14