Howa menziliniň suraty
 Volga-Dnepr Airlines awiakompaniýasynyň Antonow AN-124 "Ruslan" uçary Türkmenabat halkara howa menzilinde

Volga-Dnepr Airlines awiakompaniýasynyň Antonow AN-124 "Ruslan" uçary Türkmenabat halkara howa menzilinde

Admin 2 minut okamaly 34 görülen

03.07.2026 senesinde Volga-Dnepr Airlines awiakompaniýasyna degişli, VDA7962 / VDA7964 belgili, dünýäniň iň kuwwatly agyr ýük uçarlarynyň biri bolan Antonow AN-124 "Ruslan" uçary Dubaý – Türkmenabat – Moskwa ugry boýunça möhüm ýük daşama uçuşyny amala aşyrdy. Bu reýs halkara logistikasynyň we howa ýük gatnawynyň möhüm halkasy bolup, iri göwrümli hem-de gymmat bahaly ýükleriň ygtybarly daşalmagyny üpjün etdi.

Türkmenabat halkara howa menzili bu ugurda strategik duralga bolup hyzmat edip, uçara ýokary hilli tehniki hyzmatlary ýerine ýetirdi hem-de uçuşyň howpsuz, ygtybarly we tertipli dowam etdirilmegine möhüm goşant goşdy.

AN-124 "Ruslan" özüniň ägirt uly ýük göterijilik ukyby, ygtybarlylygy we uzak aralyklara uçmak mümkinçiligi bilen dünýä awiasiýasynda aýratyn orun eýeleýär. Bu uçuş halkara hyzmatdaşlygynyň, döwrebap logistika ulgamynyň we howa ulaglarynyň kuwwatynyň aýdyň mysaly boldy.

Galereýa