
Sky Gates Airlanes Russiýa awiakompaniýasynyň IL-96-400T RA96101 SAY9546/9548 uçary Türkmenabat halkara howa menzilinde
Admin 1 minut okamaly 8 görülen
14.10.2026 senesinde Sky Gates Airlanes Russiýa awiakompaniýasynyň IL-96-400T RA96101 SAY9546/9548 belgili,uçary Dubaý–Türkmenabat–Moskwa ugry boýunça möhüm ýük daşama uçuşyny amala aşyrdy. Bu reýs halkara logistikasynyň we howa ýük gatnawynyň möhüm halkasy bolup, iri göwrümli hem-de gymmat bahaly ýükleriň ygtybarly daşalmagyny üpjün etdi.
Türkmenabat halkara howa menzili bu ugurda strategik duralga bolup hyzmat edip, uçara ýokary hilli tehniki hyzmatlary ýerine ýetirdi hem-de uçuşyň howpsuz, ygtybarly we tertipli dowam etdirilmegine möhüm goşant goşdy.




