Täzelikler
"Türkmenistan" awiakompaniýasy oktýabr aýyndan Kazana we Jidda uçuşlaryň ýygylygyny artdyrar
"Türkmenistan" awiakompaniýasy 2025-nji ýylyň 26-njy oktýabryndan başlap Kazana we Jidda uçuşlaryň ýygylygyny artdyrar. Oktýabr aýynyň ahyryndan Kazana uçuşlar hepdede dört gezek amala aşyrylar. Ýolagçylar sişenbe, çarşenbe, şenbe we ýekşenbe günleri Tatarstanyň paýtagtyna syýahat edip bilerler. Bu üýtgeşme, işewürlerdenem, syýahatçylardanam barha artýan islegi kanagatlandyrar.ÇEŞME:“Türkmenhowaýollary” DÖWLET GULLUGY
15.08.2025 15:22
2025-nji ýylyň 11-nji awgustyndan başlap, Türkmenbaşy we Balkanabat şäherlerine goşmaça gatnawlar amala aşyrylar
“Türkmenistan" awiakompaniýasy” dynç almak we Awaza dynç alyş zolagynda ýerleşýän saglyk we syýahatçylyk merkezlerine syýahat etmek isleýän raýatlara ýolagçylaryň isleglerini kanagatlandyrmak üçin 2025-nji ýylyň 11-nji awgustyndan her gün 6 uçuş ýygylygy bilen Türkmenbaşy halkara howa menziline goşmaça uçuşlaryň gurnalandygyny habar berýär.ÇEŞME:“Türkmenhowaýollary” DÖWLET GULLUGY
13.08.2025 14:06
Kerki-Balkanabat ugry boýunça ilkinji uçuş
14.08.2025 senede KERKI -BALKANABAT-KERKI UGRY BOÝUNÇA ILKINJI UÇUŞ AMALA AŞYRYLAR !!!
12.08.2025 16:06
Türkmenistanyň raýat awiasiýasy üçin uçarmanlar Türkiýede taýýarlanylar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Turkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde 2024-nji ýylyň 1-nji martynda Antaliýa şäherinde, “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşleri paýdarlar jemgyýeti bilen Turkiýe Respublikasynyň Turk Hava Kurumu Uniwersitetiniň arasynda gol çekilen “Özara düşünişmek hakynda Ähtnama” laýyklykda, “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Ýerine ýetiriji edarasynyň (Dolandyryş topary) 10.04.2025ý. senede ýygnagy geçirilip, ýygnakda Türkiýe Respublikasynyň Türk aeronawtika birleşigi uniwersitetinde 2025-2029-nji okuw ýyllary boýunça Türkmenistanyň raýat awiasiýasy üçin uçarmanlary taýýarlamak meselesine seredildi.ÇEŞME:“Türkmenhowaýollary” DÖWLET GULLUGY
11.08.2025 10:27
«TÜRKMENHOWAÝOLLARY» döwlet gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebi 2025/2026-njy okuw ýyly üçin talyplyga kabul etmegini dowam edýär
«TÜRKMENHOWAÝOLLARY» döwlet gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebi 2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga almaga dowam edýär.ÇEŞME:“Türkmenhowaýollary” DÖWLET GULLUGY
09.08.2025 10:23
Türkmenistanyň hususy pudagy — innowasiýalara we durnukly ösüşe itergi berýän güýç
Türkmenistan ählumumy gatnaşyklara işjeň gatnaşyjy we köpugurly diplomatik ýörelgelere ygrarly bolup, Milletler Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösüş ýolundadygyny görkezýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler (DÇBÖBD) boýunça üçünji maslahatynyň geçirilýän ýeri hökmünde Türkmenistanyň saýlanyp alynmagy sebit we halkara syýasy giňişlikde Bitarap Watanymyzyň eýeleýän ornunyň, durnukly ösüşi üpjün etmek, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda edýän tagallalarynyň ykrarnamasydyr.ÇEŞME:“Türkmenhowaýollary” DÖWLET GULLUGY
04.08.2025 10:13
Hormat ýolagçylar !!!
11.08.2025 seneden Türkmenabat-Aşgabat ugry boýunça goşmaça gatnawyň goýulandygyny siziň dykgatynyňza ýetirýäris!
31.07.2025 17:11
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenbaşy halkara howa menziline bardy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatynda iş saparynda bolup, awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny ýokary derejede geçirmek üçin guramaçylyk döwlet toparynyň alyp barýan taýýarlyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşdy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Gahryman Arkadagymyz Türkmenbaşy halkara howa menziline bardy we ol ýerde döredilen döwrebap şertler bilen tanyşdy. Halk Maslahatynyň Başlygy howa menzili bilen tanyşlygyň dowamynda bu ýerde ýerleşýän söwda nokatlarynda hyzmatlaryň ýokary hiliniň hödürlenilmelidigini, myhmanlar üçin ýörite sowgatlyklaryň taýýarlanylmalydygyny belläp, bu ugurda birnäçe nesihatlaryny berdi.ÇEŞME:“Türkmenhowaýollary” DÖWLET GULLUGY
27.07.2025 10:10
“Türkmenistan” awiakompaniýasy” AGPJ çagalar üçin goşmaça howa gatnawlary ýola goýar
2025-nji ýylyň 17–26-njy awgusty aralygynda Mary, Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň çagalarynyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky sagaldyş-dikeldiş merkezlerine äkidip-getirmek maksady bilen, «Türkmenistan» awiakompaniýasy tarapyndan goşmaça howa gatnawlary amala aşyrylýar.ÇEŞME:“Türkmenhowaýollary” DÖWLET GULLUGY
26.07.2025 10:07
"Türkmenistan" awiakompaniýasy" içerki gatnawlaryň tertibini täzeledi
"Türkmenistan" awiakompaniýasynyň resmi web sahypasy 2025-nji ýylyň 25-nji iýulynda güýje girjek içerki uçuşlaryň üýtgedilen tertibini çap etdi. Täze meýilnama laýyklykda, iň ýokary ýygylykly howa gatnawy, ýagny hepdäniň gününe baglylykda günde ýedi uçuş Aşgabat-Daşoguz ugrunda amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär.ÇEŞME:“Türkmenhowaýollary” DÖWLET GULLUGY
24.07.2025 10:02
Hormat ýolagçylar !!!
26.07.2025 senede Balkanabat- Türkmenabat-Aşgabat ugry boýunça goşmaça gatnawyň goýulandygyny siziň dykgatynyňza ýetirýäris!
21.07.2025 15:21
Türkmenbaşyda nebit we nebit önümleri guýulýan üçünji gämi duralgasy işe girizildi
18-nji iýulda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň täze nebit we nebit önümleri guýulýan üçünji gämi duralgasynyň işe girizilmegine ak pata berdi. Bu desga ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan işleriň çäklerinde ulanmaga berildi.ÇEŞME:“Türkmenhowaýollary” DÖWLET GULLUGY
20.07.2025 10:00
Türkmenistanyň DIM-i BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk boýunça brifing geçirildi
2025-nji ýylyň 18-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-nde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk boýunça brifing geçirildi. Brifinge Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň DIM-niň işgärleri gatnaşdylar. Brifingiň dowamynda bu iri çäräniň durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatynda täsirli platforma hökmünde çykyş etjekdigi bellenildi.ÇEŞME:“Türkmenhowaýollary” DÖWLET GULLUGY
19.07.2025 09:57
"Türkmenistan" awiakompaniýasy" AGPJ Aşgabady Seul bilen baglanyşdyrýan täze ugry açdy
"Türkmenistan" awiakompaniýasy" AGPJ 2025-nji ýylyň 14-nji iýulyndan başlap Aşgabat — Seul — Aşgabat ugry boýunça hepdede bir gezek yzygiderli gatnawy ýola goýdy. Uçuşlar duşenbe günleri amala aşyrylýar. Aşgabadyň Halkara howa menzilinden uçuş sagat 09:15-de, Inçhon Halkara howa menzilinden bolsa yzyna uçuş sagat 22:45-de ýerine ýetirilýär.ÇEŞME:“Türkmenhowaýollary” DÖWLET GULLUGY
14.07.2025 11:12
Türkmenistanda Ulag we kommunikasiýalar agentligi ýatyryldy, täze ministrlikler we gulluklar döredildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi ýatyryldy. Onuň garamagyndaky «Türkmendemirýollary» agentliginiň, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hem-de «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň işi bes edilip, olaryň binýadynda, degişlilikde, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi hem-de Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi döredildi.ÇEŞME:“Türkmenhowaýollary” DÖWLET GULLUGY
14.07.2025 09:05
Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebi 2025/2026-njy okuw ýyly üçin talyplyga kabul edýär
«TÜRKMENHOWAÝOLLARY» DÖWLET GULLUGY Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebi 2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär. источник:Государственная служба "туркменховаеллары"
13.07.2025 11:09
GEL-902
GeoSKY airlines kompaniýanyň B-742 200 uçary Türkmenabat halkara howa menziline tehniki gonuşy ýerine ýetirdi.
30.10.2024 12:21
MNB 680
MNG airlines kompaniýanyň A-332 uçary Türkmenabat halkara howa menziline tehniki gonuşy ýerine ýetirdi.
03.09.2024 16:31
MNB 500
MNG airlines kompaniýanyň A-330 uçary Türkmenabat halkara howa menziline tehniki gonuşy ýerine ýetirdi.
15.08.2024 06:29
MNB680
MNG airlines kompaniýanyň A-330 uçary Türkmenabat halkara howa menziline tehniki gonuşy ýerine ýetirdi.
04.08.2024 12:20