Uçuşlarda gözleg-heläkçilikde halas edişi üpjün etmek üçin, Türkmenabat halkara howa menzilinde utgaşdyryş merkezi döredildi we ol merkez adatdan daşary ýagdaýlarda çalt we sazlaşykly hereket etmegi üpjün edýär.
Türkmenabadyň halkara howa menzili ýangyndan goramagyň 9-njy derejesini üpjün edýär. Gullugyň binasynda howa gämileriniň uçuş-gonuşyna gözegçilik etmek üçin beýikligi 15,70 metr bolan diň ýerleşdirildi.
KAMAZ-12/60-63501
Kamaz-12/60-63501 8Х8 kysymly ýangyn söndüriji awtoulagy, suw çeleginiň göwrümi 11300 l, köpürjik çeleginiň göwrümi 700 l, ýangyç çeleginiň göwrümi 220 liter, uçuş-gonuş zolagyny köpürjik bilen ýapmak üçin mümkinçiligi bar, harby söweşjeň hasapda 6 sany hünärmenden durýar.
KAMAZ-8.0 (30-60) (43118)
Kamaz-8.0 (30-60) (43118) 6Х6 kysymly ýangyn söndüriji awtoulagy, suw çeleginiň göwrümi 7500 l, köpürjik çeleginiň göwrümi 500 l, ýangyç çeleginiň göwrümi 220 liter, uçuş-gonuş zolagyny köpürjik bilen ýapmak üçin mümkinçiligi bar, harby söweşjeň hasapda 6 sany hünärmenden durýar.
MAN-FLF-80-114-14+250P
MAN -FLF-80-114-14+250P 6Х6 kysymly ýangyn söndüriji awtoulagy, suw çeleginiň göwrümi 11400 l, köpürjik çeleginiň göwrümi 1400 l, tozly ot söndüriji bir sany -250 kg, ýangyç çeleginiň göwrümi 300 liter, harby söweşjeň hasapda 2 sany hünärmenden durýar
MAN Ziegler Reskue (ASA)
MAN Ziegler Reskue (ASA) TGM-13-240 4х4 kysymly heläkçilikde halas ediji awtoulagy şahsy düzümi hadysanyň bolup geçýän ýerine eltmäge niýetlenendir. Harby söweşjeň ýagdaýda iki sany halas ediji hünärmen durýar. Ýangyç çeleginiň göwrümi 80 liter, Ziegler Reskue kysymly awtoulagda heläkçilikde halas edijiş işlerini geçirmek üçin statsionar elektrogenerator, gidrawliki,elektrik hem-de elde peýdalanylýan durallar bar.
KAMAZ ASA-20
KAMAZ ASA-20 6Х6 heläkçilikde halas ediji awtoulagy şahsy düzümi hadysanyň bolup geçýän ýerine eltmäge niýetlenendir. Harby söweşjeň ýagdaýda iki sany halas ediji hünärmen durýar. Ýangyç çeleginiň göwrümi 220 literden iki sany bak, ASA-20 1,5 tonnalyk ýüki ýokary göteriji statsionar kran, 20 kwt-lyk elektrogenerator, heläkçilikde halas edijiş işlerini geçirmek üçin elektrik, gidrawliki hem-de elde ulanylýan gurallar bar.